Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanyň çäklerinde zamun alnan gyrgyzlar boşadyldy


Özbegistanyň Soh regionynyň Hoşýar obasy

Özbegistanyň Soh regionynyň Hoşýar obasy

Soh anklawynyň ýaşaýjylary tarapyndan zamun alnan gyrgyz raýatlarynyň ählisiniň boşadylandygy habar berildi. Başda zamunlaryň bir böleginiň, ýagny 14 zenanyň we çaganyň boşadylandygy habar berlipdi.

Duşenbe güni irden Gyrgyzystanyň günortasynda ýerleşýän Batken welaýatynyň administrasiýasynyň metbugat gullugy zamunlaryň gepleşikleriň netijesinde boşadylandygyny aýdypdy. Şonda ýene 20 adamyň zamunlykda galýandygy, olaryň Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň Sohdaky edara jaýynda saklanýandygy habar berlipdi.

Gyrgyzystanyň parlamentiniň Howpsuzlyk we goranmak boýunça komitetiniň başlygy Tokon Mamytowyň Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna aýtmagyna görä, gepleşiklere gatnaşmak üçin Soha Özbegistan tarapyndan Fergana welaýatynyň ýolbaşçysy, regional polisiýa ýolbaşçysy we Fergana welaýatynyň serhet gullugynyň başlygy barypdyr.

Näme boldy?

Habar berlişine görä, täze gurlan “Çarbak” serhet postuna şenbe güni elektrik simler çekilip başlanda, Hoşýar obasynyň ýaşaýjylary gyrgyz serhetçilerine hüjüm edipdirler.

Soh anklawynyň ýaşaýjylary elektirk liniýalaryny çekmek üçin gurlan desgalary ýykyp başlapdyrlar. Gyrgyz serhetçileri-de olary saklamak üçin ýokaryk ok atypdyrlar.

Hepdäniň ýekşenbe güni Soh anklawynyň ýaşaýjylarynyň gyrgyz serhetçilerine hüjüm edip, 40-a golaý adamy zamun alandyklary, zamun alnanlaryň Çarbak obasynyň ýaşaýjylary we Sohuň üstünden awtoulaglarda geçip barýan gyrgyz raýatlary bolandygy barada habar berildi.

Orsýetiň “Interfaks” habar agentligi gözli şaýatlaryň sözlerine salgylanyp, bu wakanyň başda 100-e golaý adamyň gatnaşmagynda başlanandygyny, emma soňra bu sanyň köpelendigini habar berdi. Gyrgyzystanyň “Weçerniý Bişkek” gazeti Özbegistanyň raýatlarynyň sanynyň müňden gowrak bolandygyny ýazdy.

Käbir maglumatlarda Özbegistanyň raýatlarynyň serhetçileriň elinden ýaraglaryny almaga synanyşandyklary barada habar berildi.

“AKIpress” agentligi birnäçe gyrgyz serhetçisiniň bu çaknyşykda ýaralanandygyny habar berdi.

Ýekşenbe günki çaknyşyklarda ýaralanan gyrgyz polisiýa wekili Batkeniň keselhanasyna ýerleşdirildi. Onuň kellesine zeper ýetendigi we ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.

“Interfaksyň” şaýatlara salgylanyp habar bermegine görä, özbek raýatlary serhet postuna daş atyp aýnalary döwüpdirler we geçip barýan ulaglary saklap, gyrgyz raýatlaryny zamun alypdyrlar.

“Weçerniý Bişkek” gazetiniň maglumatyna görä, ýekşenbe güni, 6-njy ýanwarda, Gyrgyzystanyň serhetçileriniň we özbek raýatlarynyň arasynda bolan ok atyşykda gyrgyz serhetçileriniň oklaryndan azyndan 3 adam ýaralanypdyr. Beýleki şaýatlar gyrgys serhetçileriniň ýarag ulanandygy bardaky maglumatlary ret edipdirler.

Resmi gatnaşyk

Duşenbe güni Batkeniň prokuraturasy Sohuň ýaşaýjylarynyň gyrgyz raýatlaryny bikanun saklandygy, kanuny goraýjy edaralaryň işgärlerine hüjüm edenligi we Gyrgyzystana maddy taýdan zyýan ýetirendigi üçin olara garşy iş gozgandygyny mälim etdi.

Özbegistanyň Soh anklawy on ýyldan gowrak wagt bäri Özbegistan bilen Gyrgyzystanyň gatnaşyklarynyň ýaramazlaşmagyna sebäp bolýar. Gyrgyzystanyň Batken welaýatynda ýerleşýän Oş we Batken şäherlerini birleşdirýän sowet döwründe gurlan ýol Özbegistanyň Soh anklawynyň üstünden geçýär. Özbegistan Gyrgyzystanyň raýtlarynyň anklawyň üstünden geçýän ýoldan peýdalanmagyny çäklendirip gelýär.

Özbegistana degişli Hoşýar obasynda esasan etnik täjikler ýaşaýarlar.

Sohdaky hadysadan iki gün öň özbek serhetçileri Gyrgyzystan bilen serhetde gyrgyzystanlyny atyp öldüripdi. Özbek serhetçileri onuň gaçakçydygyny aýtdylar, emma Gyrgyzystanyň resmileri ýaragsyz gyrgyz raýatlarynyň özbek serhetçileri tarapyndan atylyp öldürilmegi bilen bagly wakalaryň seýrek däldigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG