Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistan: Zähmet migrasiýasynyň ykdysady täsiri


ABŞ-nyň dollarlary

ABŞ-nyň dollarlary

Serdarabat etrabynyň Jeýhun obasynyň köçelerinde soňky döwürlerde köpelip barýan 2012-nji ýylyň “Toyota Camry” kysymly ýeňil maşynlary hemmäniň ünsüni özüne çekýär.

“Türkiýede işleýän aýalym pul ýollaýar”

Şeýle maşyny bolan maşgalalardan biri hem bäş ýyllap aýaly bilen Türkiýede zähmet çeken Haýrulla. Ol aýalynyň entegem Türkiýede işleýändigini we aýda 500 amerikan dollaryndan gowrak pul iberýändigini aýdýar.

Ynha, Haýrullanyň bahasy 20 müň amerikan dollaryndan agdyk ulaga eýe bolmagynyň syry şol. Soňky ýyllaryň dowamynda Haýrulla ýaly Türkiýede işleýän türkmenler sanardan köp.

Şeýle iş migrantlaryndan ýene biri özüni Ylham diýip tanadan türkmenistanly ýigit. Ol Azatlyk Radiosy bilen telefonda söhbetdeş bolanda, şeýle diýdi: “Hawa, näme diýeýin, işleýäs, şu taýdan baryp Türkmenistanda öý salynýas. Ol ýerde iş ýagdaýy kyn bolany üçin, şu taýda işleýäs we gazanan pullarymyzy o taýda harçlaýas, maşyn alýas, täze çykan maşynlardan”.

Ýeňilleşdirilen wiza režimi hereket edýänligi üçin soňky ýyllar Türkmenistandan, esasanam Lebap welaýatyndan Türkiýe döwletine işlemäge gidýänleriň sany artdy. Bu ýagdaý Lebap welaýatynyň obadyr şäherçelerine özboluşly täsirini ýetirýär.

Gazanylan pullar

Olardan biri hem migrasiýanyň ykdysady täsiri. Türkiýä gidip işleýänler gazanan pullaryny köplenç halatlarda özlerine iň zerur bolan zatlar üçin harçlaýarlar. Olar täze jaý gurunýarlar, ulag satyn alynýarlar we käbir ene-ata öz çagalaryny tölegli kurslarda, ýagny daşary ýurt dillerini we kompýuter öwredýän okuwlarda okadýarlar.

Serdarabatly Haýrulla aýalynyň ýene bir ýyl Türkiýede işlejekdigini we iberýän pullaryna obadaky ýaşaýyş jaýyny täzelejekdigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türkiýede işläp, gazanan pullaryna hususy biznes açýanlaryň hem bardygyny gürrüň berýärler. Muňa türkmenabatly 43 ýaşlaryndaky Gülşat gelneje mysal bolup biler. Ol Türkiýede gazanan pullaryna Türkmenabat şäheriniň il içinde “Owgan bazar” diýip atlandyrylýan söwda merkezinden başda kiçeňräk dükan satyn alyp, soňra ony ullakan biznese öwürmegi başarypdyr.

Migrasiýanyň ykdysady täsirini Türkmenabadyň käbir köçeleriniň durkundan hem görmek mümkin. Meselem, Zelili köçesiniň Türkiýede işläp ýören ýaşaýjylary 2010-njy ýylyň tomsunda pul goşup, köçäni asfaltlap, durkuny täzelediler.

Şeýle-de, kiçi ýaşly çagalary bolan ene-atalaryň uzak wagtlap daşary ýurtlara işlemäge gitmegi, ýaş gyzlara täze girdeji çeşmesini hem döredýär. Sebäbi şeýle maşgalalar, adatça, öz ýakyn hossarlaryny, köplenjem gyz jigilerini öz çagalaryna eneke tutunyp, olara Türkiýeden yzygiderli aýlyk hakyny iberip durýarlar.

Agyr iş şertleri

Emma Türkiýedäki zähmet migrantlarynyň ählisiniň yzygiderli pul iberip durandygyny aýtmak kyn. Köp halatlarda bikanun ýagdaýda işlemeli bolýan zähmet migrantlary gazanç ugrunda agyr ýagdaýlary hem başdan geçirýärler.

Türkiýede neşir edilýän ”Radikal” gazetiniň 2012-nji ýylyň 19-njy maýynda çap eden maglumatyna görä, Türkiýede işläp, zähmet hakyny alyp bilmändigi üçin nägileligini bildiren bir türkmenistanlyny iş ýeriniň eýesi zynjyrlap saklapdyr.

Bu şeýle wakalardan diňe bir mysal. Bikanun işleýän immigrantlaryň köp halatlarda her gün 10-12 sagat işledilýändigi, olaryň işleýän ýerlerinde ýykylyp, maýyp bolýan halatlarynyň-da bardygy aýdylýar.

Emma, muňa garamazdan, iki ýyla golaý wagtdan bäri Türkiýede zähmet çekýän Ylham öz ýagdaýyndan razy, sebäbi ol Türkmenistanda iş tapmanlygy üçin Türkiýä barandygyny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi: “Türkmenistanda iş ýagdaýy kyn, berýän aýlyklaryna biziň hiç hili öý almaga ýa-da, maşyn almaga ýagdaýymyz ýok. Şol ýagdaý sebäpli Türkiýä gelip işleýäs. Türkler ýardam edýär, iş tapyp berýär, işimiz ýagşy”.

Sakar etrap häkimliginiň ýolbaşçylarynyň 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda eden çykyşlarynyň birinden çen tutulsa, bir ýylda diňe Lebapdan 34 müňe golaý adam daşary ýurtlara gidipdir. Bu barada resmi tassyklama ýok, emma Türkiýe döwletine gazanç üçin gidýänlerden uly bir böleginiň lebaplylardan ybaratdygy aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG