Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň tire sebitinde adamsyz uçar azyndan sekiz adamy öldürdi


Pakistanyň tire sebitinde adamsyz uçardan urlan aýry-aýry zarbalarda azyndan 8 jeňçiniň öldürilendigi aýdylýar.

Pakistanyň howpsuzlyk resmileri, atlarynyň aýdylmazlyk şerti astynda, sişenbe güni irden Demirgazyk Waziristanyň Haýder Hel obasynda jeňçileriň bolýan howlusyna urlan howa zarbalarynyň 5 jeňçini öldürip, 4-sini ýaralandygyny tassyk etdiler.

Şondan soň bir sagat geçip-geçmän Hasuhel obasyndaky jeňçi bukusyna hem howadan zarba uruldy. Bu hüjümde üç jeňçi öldürildi. Bu sebit “Talyban” we “Al-kaýda” bilen hyzmatdaşlykdaky jeňçileriň mesgeni hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG