Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: “Içerki hüjüm” koalisiýa esgerini öldürdi


NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Halkara howpsuzlyk kömek güýçleriniň hatarynda gulluk edýän bir esger “içerki hüjümiň” pidasy boldy.

Sişenbe güni ýaýradylan beýanatda owgan milli goşunynyň eşigini geýen adamyň duşenbe güni günorta Owganystanda bir esgeri atyp öldürendigi aýdylýar.

Owgan polisiýasy bu hüjümde azyndan üç koalisiýa esgeriniň ýaradar bolandygyny aýdýar. Bu hadysa Helmand welaýatynyň Gereşk etrabynda bolupdyr.
XS
SM
MD
LG