Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesuela: Çaweziň ýagdaýy “durnukly”, köpçülik ýygnanyşygy planlaşdyrylýar


Wenesuelanyň maglumat ministri Kubadaky hassahanada berjergi alýan prezident Ugo Çaweziň ýagdaýynyň durnuklydygyny aýdýar. Emma muňa garamazdan, hepdäniň dördünji güni, köşkde prezident inagurasiýasynyň resmi dabarasynyň tutuljak güni näme boljagy belli däl.

Maglumat ministri Ernesto Willegaz Çaweziň Kubada "yzygider we berk" bejergi alýandygyny aýdýar. Geçen aý oňa rak, düwnük keseli sebäpli dördünji operasiýa edildi.

Milli assambleýa lideri Daýasdado Kabello dördünji gün, Çaweziň üçünji möhlet prezidentlige kasam kabul etjek gününde köpçülikleýin ýygnanyşyk geçirmäge çagyrdy.

Çawez bir aý çemesi mundan öň Kuba gidip, şondan bäri il içinde görnenok. Onuň garşydaşlary prezidentiň öz wezipesini ýerine ýetirmek ukyby bilen baglylykda konstitusiýa talaplaryna salgylanyp, täze saýlawlaryň geçirilmegine çagyrýarlar.
XS
SM
MD
LG