Sepleriň elýeterliligi

Eýran resmisi ýurduň nebit eksportynyň 40 prosent peselendigini aýdýar


Eýranyň ýokary derejeli resmisi Günbatar sanksiýalary zerarly ýurduň nebit eksportynyň soňky dokuz aýda 40% azalandygyny aýtdy.

Nebit ministri Rostam Kasemi duşenbe güni nebit satlygynyň 40% peselmegi ýurda gelýän nebit girdejisiniň 45% azalmagyna getirdi diýdi. Kasemi mundan ozal Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalarynyň Eýranyň nebit eksportyna täsir ýetirmändigini aýdýardy.

Eýranyň başga resmileri hem golaýda sanksiýalaryň ýurduň ykdysadyýetine zyýan ýetirýändigini boýun aldylar. Ykdysadyýet ministri Şamseddin Hosseýni geçen aý 2012-nji ýylyň iýulyndan güýje giren Günbatar gadaganlygynyň nebit girdejilerini 50% aşakladandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG