Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama Brennany MAG-nyň başlyklygyna hödürleýär


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Çak Hageli goranmak sekretarlygyna, prezidentiň terrora garşy geňeşçisi Jon Brennony bolsa, Merkezi aňtaw gullugynyň başlyklygyna hödürledi.Obama bu barada duşenbe güni, Waşingtonda aýtdy.

Hökümet sekretarlary we ýokary derejeli adminstrasiýa resmileri Birleşen Ştatlaryň Senaty tarapyndan tassyklanmaly.

Hagel Wetnam urşunyň weterany, Ysraýylyň tankytçysy we Eýran bilen gepleşikleriň tarapdary hökmünde tanalýar. Brennan Merkezi aňtaw gullugynda 25 ýyl işledi we 2011-nji ýylda “Al-Kaýda” lideri Osama bin Ladeni öldürmek boýunça geçirilen reýdi taýýarlamakda aýgytly rol oýnady.
XS
SM
MD
LG