Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa dawaly adalar sebäpli Hytaýyň ilçisini çagyrýar


Ýaponiýanyň daşary işler ministrligi Hytaýyň ilçisini çagyryp, hytaý gämileriniň dawaly adalaryň suwlaryna girmegine berk gaýtawulyň hasaba alynmalydygyny aýtdy. Bu Şinzo Abeniň premýer-ministrligindäki milli oriýentasiýaly hökümetiň Hytaý bilen arada galdyran ilkinji meselesidir.

Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aktitaka Saýki Hytaýyň ilçisi Çeň Ýoňgua bilen duşuşdy. Saýki Ýaponiýanyň daşary işler ministrliginiň beýanatynda hytaý gämileriniň ýapon suwlaryna girmegine we ol ýerde galmagyna berk protest bildirýär.

Şeýle-de ol bu ýagdaýyň indi gaýtalanmazlygyny berk talap edýär. Hytaý Ýaponiýanyň “Şenkakus” atlandyrýan adalaryna bir topar gämi iberdi. Hytaý ol adalary özüniňki hasaplaýar we “Daýaous” diýip atlandyrýar.
XS
SM
MD
LG