Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poçtadan post kartlaryny ugratmak güýmenjesi


Moldowadaky bir poçtanyň içi
Moldowadaky bir poçtanyň içi
Dürli ýurtlara syýahat etmegi we ýat ýurtlaryň ýaşaýjylary bilen tanyşmagy her kim arzuw edýän bolsa gerek. Türkmenistanly Jennet hem edil şeýle ýaşlardan biri, emma beýle arzuwa ýetmek aňsat däl, ýöne Jennet ýagdaýdan özboluşly çykalga tapypdyr.

Ol hobbisiniň kömegi bilen eýýäm 40-a golaý ýurduň raýaty bilen tanşandygyny, olar bilen yzygiderli hat alyşýandygyny aýdýar. Bu aragatnaşygy ol internediň üsti bilen däl, poçtadan birek-birege post kartlaryny ibermek arkaly alyp barýar.

Onuň bukjasynda eýýäm şeýle kartlaryň 200 töweregi bar. Täze Tolkun Jennediň hobbisi, onuň sebäpleri, şeýle-de onuň dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan dostlary we joralary, olar bilen nädip tanşandygy we bu hobbiniň gyzykly taraplary barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jennet, bu hobbiňize haçan başladyňyz? Şeýle gatnaşygy ýola goýýan ”Post crossing” atly saýtyň maksady näme?

Jennet: Men postcrossing.com saýtyna geçen ýyl ýazyldym. Bu saýtda biri-birini hiç [wagt] görmedik we tanamaýan adamlar post kartlaryny (otkrytkalary) ibermek arkaly, öz gatnaşyk edýän adamlaryny öz ýurtlary bilen tanyşdyrýarlar.

Azatlyk Radiosy: Size eýýäm näçe ýurtdan post kartlary gowuşdy?

Jennet: Men eýýäm 40 ýurt bilen 200 gowrak post kart alyş-çalyş edip, şol ýurtlaryň adamlary bilen tanyşdym. Olar bilen internetde hat alşyp, aragatnaşyk saklaýaryn. Hatda bir-birimize sowgat hem iberýäris.

Azatlyk Radiosy: Bu saýtyň näçe agzasy bar we olaryň arasynda sizden başga-da türkmenler barmy?

Jennet: Bu saýtyň jemi 214 döwletden 365,558 agzasy bar, olardan diňe ýedisi Türkmenistandan. Bu ýyl [2012-nji ýylda] biziň hämmämiz bilelikde [birek-birege] jemi 15 million post kartyny iberdik.

Azatlyk Radiosy: Jennet, siz post kartlaryny iberjek adamlaryňyzy nädip saýlaýarsyňyz?

Jennet: Kime iberilmelidigi saýt tarapyndan saýlanýar we bize şol adamyň hasabynyň nomeri iberilýär. Soňra men şol ýere girip, ol adamyň isleglerine we meniň mümkinçiliklerime görä post kartyny iberýärin.

Azatlyk Radiosy: Bu saýtyň agzalaryna Türkmenistan baradaky post kartlary iberdiňizmi?

Jennet: Hawa iberipdim. Adamlar köp begenip, köp sag bolsun aýtdylar. Nähili owadan ýurt, o ýerden post kart hem alyp bilmeris diýip pikir edýärdik diýip aýtdylar. Merw, Nusaý, Köneürgenç post kartlaryny ugratmagymy haýyş edýärler.

Azatlyk Radiosy: Jennet, post kartlary internet arkaly iberýärsiňizmi?

Jennet: Ýok, biz olary adaty poçta bilen iberýäris. Ýagny, post kartlaryny konwerte salyp, marka ýelmäp, ugradýarys. Onuň üçin köp bolsa bir dollar töleýärin.

Azatlyk Radiosy: Onsoň şol post kartlary näçe wagtda iberilen adrese gowuşýar?

Jennet: Käbir ýurtlardan bir hepde, on günüň içinde gelip gowuşsa, Afrika ýaly ýurtlardan 1-3 aýdan gelibem bilýär.

Azatlyk Radiosy: Jennet, siziň aýdyşyňyz ýaly, bu saýtyň agzalary post kartlary arkaly beýlekileri öz ýurtlary bilen tanyşdyrýarlar. Eýsem, internediň we telewideniýäniň ösen zamanasynda bu hobbiniň ähmiýeti nämede?

Jennet: Elbetde, bu zatlary telewizorda görüp bolýar. Emma bu usul bilen men her bir [ýurdy] şäheriň, kiçijik obanyň ýaşaýjysynyň özünden öwrenýän. Edil şol ýere baryp gören ýaly bolýan. Diňe şol ýurtlar barada däl, eýsem maňa şol otkrytkalary iberýän adamlar barada hem köp zatlary öwrenýärin.

Mysal üçin, agzalaryň arasyndan bir göwreli aýal geljekki çagasy üçin post kartlaryň arka tarapynda dürli dillerde arzuw-dileglerimizi ýazyp ugratmagy haýyş etdi. Çagasy ýedi ýaşyna ýetende, ol oňa ähli post kartlary we dilegleri görkezmekçi. Beýle mukaddes maksatlara gatnaşmagym meniň üçin uly bagt.
XS
SM
MD
LG