Sepleriň elýeterliligi

Soh: Dartgynlylygyň ojagy


Özbegistanyň Gyrgyzystandaky Soh anklawynyň kartasy

Özbegistanyň Gyrgyzystandaky Soh anklawynyň kartasy

Soh regiony Gyrgyzystanyň çäklerinde ýerleşýän we Özbegistana degişli kiçijik bir ýer. Ol 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri dartgynlylygyň we zorlugyň wagtal-wagtal tutaşýan ýeri bolup durýar. Şeýle ýagdaý geçen dynç günlerinde 5-6-njy ýanwarda ýene-de ýüze çykdy. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Soh regionynyň taryhyna we bu ýerdäki gapma-garşylyklara syn edýär.

Soh nädip döredi?

Özbegistanyň anklawy bolan Soh regiony Soh derýasynyň boýunda 350 kwadrat kilometr giňişlikde, Gyrgyzystanyň Batken welaýatynyň içinde ýerleşýär. 60 müň ilatly Sohuň daşyndaky gapma-garşylyklar Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasynda ýüze çykýan bolsa-da, bu regionda täjikler we beýleki milletler ýaşaýarlar.

1955-nji ýylda esaslandyrylan anklawyň nähili ýagdaýda döredilenligi belli däl. Maglumatlaryň birinde Gyrgyzystanyň kommunistik baştutanynyň bu giňişligi özbek kärdeşi bilen kart oýnap utdurandygy gürrüň berilýär.

Sowet Soýuzy dargandan soň...

Postsowet döwründe Soh regiony wagtal-wagtal zorlugyň tutaşýan ýerine öwrüldi. 1991-nji ýylda Özbegistan we Gyrgyzystan garaşsyz bolansoň, bu iki ýurt Özbegistanyň Gyrgyzystanyň üstünden geçýän ýollardan peýdalanmagy barada ylalaşdy.

1999-njy ýylda Daşkent “Özbegistanyň yslam hereketi” atly yslamçy topar ýurtlaryň ikisine-de garşy çykyş etmek üçin Soh regionyny ulanýar diýen netijä geldi. Özbegistan bu regionda harbylarynyň sanyny artdyrdy we öz serhetlerinde minalap başlady.

Bişkek minalaryň gyrgyz territoriýasynda goýlandygyny aýdyp, özbek esgerleriniň serhediň iki tarapynda-da ýerli ýaşaýjylara azar berýändiklerini mälim etdi.

Parahat ýaşaýjylaryň birnäçesi minalardan heläk boldy ýa atylyp öldürildi.

2001-nji ýylyň ýanwar aýynda Özbegistan Gyrgyzystana akdyrýan tebigy gazyny kesdi we muny gazgeçirijidäki näsazlyklar bilen düşündirdi.

Bişkek bolsa Daşkendiň bu hereketi bilen Gyrgyzystana basyş edýändigini aýtdy we Özbegistanyň Soh regionyndan özbek-gyrgyz serhedine çenli 20 kwadrat kilometr ululykdaky gyrgyz giňişliginiň özbek tarapyna berilmegini isleýändigini yglan etdi.

2001-nji ýylda bu iki ýurt memoranduma gol çekipdi. Bu dokumentde Sohuň serhetleri kesgitlenýär we anklawyň Özbegistanyň territoriýasy bilen birleşdirilmeginiň “maksada laýykdygy” aýdylýar. Emma Bişkek Daşkendiň eýe bolmak isleýän gyrgyz giňişliklerine derek, umumy serhediň başga bir ýerinden teklip eden giňişligini şu çaka çenli kabul etmän gelýär. Gepleşikler formal taýdan dowam etdirilýär.

Gyrgyzystanda köpler bu memoranduma gol çekilmeginiň gyrgyz tarapynyň bähbitlerine ters gelýändigini aýtdylar.

Sohdaky ýagdaý ilata nähili täsir ýetirýär?

Häzirki wagtda Sohuň ýaşaýjylary Özbegistanyň beýleki künjeklerine gitmek üçin Gyrgyzystanyň üstünden, ýagny serhediň iki tarapynda ýerleşýän köp sanly barlag-geçiş nokatlaryndan geçmeli bolýarlar. Gyrgyz raýatlary hem Sohuň üstünden geçmeli bolanlarynda, şeýle kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Üstesine, olara minalaryň döredýän howpy abanýar.

Şeýle kynçylyklar garyp regionyň ykdysady ösüşine päsgelçilik döredýär. Soh regionynyň we onuň daşyndaky gyrgyz giňişliginiň ösüşi örän gowşak.

Ýerli resmiler ýerli senagatyň çökmegini, ýagny aýakgap fabriginiň we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän zawodyň ýapylmagyny, regiony Özbegistanyň beýleki ýerleri bilen birleşdirýän ýoluň çäklidigi bilen düşündirýärler.

Ýerli ykdysadyýet şaly we kartorşka ýaly oba hojalyk önümleriniň önümçiligine esaslanýar. Bu ýerdäki işsizlik ýaş adamlaryň gazanç üçin başga ýurtlara, ilkinji nobatda-da Orsýete gitmegine sebäp bolýar.

Soh anklawy bu regionda çözülmän galýan köp sanly problemalaryň biridir. Gyrgyzystanly akademik Leonid Bondarets ýurtlaryň döwlet serhetleriniň ilatyň etnik düzümine gabat gelmeýändigini belleýär. Onuň pikirine görä, etniki problemalaryň köpüsi islendik ýurduň içerki meselesiniň halkara konfliktine öwrülmegine itergi bermäge ukyply.

XS
SM
MD
LG