Sepleriň elýeterliligi

Tagtabazar etrabynda etiň bahasy gün-günden gymmatlaýar. Etiň bir kilosynyn bahasy 2012-nji yylyň iýul aýynda 10 manat bolan bolsa, ol hazir 15 manatdan satylýar.

Etiň bahasynyň gymmatlamagy esasanam aýlyk girdejisi az bolan maşgalalaryň býujetine uly agram salýar. Tagtabazar şäherçesiniň ýaşaýjylary bolsa, umuman aýdylanda, pes girdejili maşgalalar. Şolaryň birem 45 ýaşlaryndaky Äşe.

Tagtabazarly Äşe öz ýagdaýlary hakda şeýle gürrüň berýär : “Biziň bişirýän tagamlarymyzyň hemmesi diýen ýaly et bilen bişirilýär, ýöne bahalaryň beýle ýokary uçmasy bizi alada goýýar. Etiň bahasy 7 manat bolanda, biziň üçin elýeterli bolýar”.

Etiň gymmatlamak tendensiýasy 2012-nji ýylyň iýul aýynyň ortalarynda başlandy. Şol wagtda un-çörek önümleriniň bahasy hem gymmatladylypdy. Et söwdasy bilen meşgullanýan adamlaryň käbirleriniň aýtmagyna görä, etiň gymmatlamagynyň ençeme sebäpleri bar.

Sebäpleri

Şol sebäplerden birem soňky döwürlerde daýhan we maldar üçin mal saklamagyň kynlaşmagydyr. Muňa sebap bolýan zatlardan biri mallaryň iýmleriniň bahasynyň gymmatlamagy. Meselem, häzirki döwürde bir kilogram kepegiň bahasy 60 teňňä durýar.

Eger 2012-nji ýylyň iýul aýynyň 14-inde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kabul edilen G/A 130 belgili kararyň netijesinden çen tutulsa, kepegiň bir kilogramynyň bahasy, “araçylaryň sanyna garamazdan” 24 teňňeden geçmeli däl.

Daýhançylyk önüminden öndürilýän mal iými tutuşlygyna döwletiň elinde, ony “araçylar” döwletden satyn alyp, bazara çykarýarlar. Şeýdibem, iýmiň bahasy has ýokary galýar diýip, et söwdasy bilen meşgullanýan adamlar aýdýarlar.

Ýöne etiň we mal iýminiň bahasy hemişe beýle däldi. S.Nyýazowyň prezidentlik eden döwründe, 2001- 2002 ýyllarda, daýhançylyk önümleriniň hemmesi daýhanyň özüne berilmeli edilipdi. Daýhanlaryň aýtmagyna görä, şol wagt pagta eken daýhan tabşyran pagtasyndan başga-da, ýag, sarun, künjara ýaly önümleri hem alýardy.

Bugdaý eken bolsa, kepegini alyp bilýärdi. Et bilen bir hatarda ýag ýaly azyk önümleri-de elýeter arzandy. Islän adam mal saklap, mal semredip bilýärdi. Ýöne beýle ýagdaý uzak dowam etmedi. Onsoň et söwdasy bilen meşgullanýan käbir adamlar şol tejribeden peýdalanylsa gowy boljagyny aýdýarlar.

Gözegçiligiň netijesi ýok

Häzir bolsa etiň gymmatlamak tendensiýasyna türkmen hökümeti kontrol edip bilmeýär. Ýerli häkimlikler diňe administratiw çäreleri ulanyp, döwlete bagly bolan bazar nokatlaryndan kowmak bilen haýbat atyp, etçilere etiň bahasyny 10-11 manatdan geçirmeli däldigini buýurýarlar.

Etçiler bolsa barlagçylar gelende etiň bir kilosyny 10-11 manatdan satyp, olar gidensoň öňki bahasyndan hem gymmat satýarlar diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir adamlar aýdýarlar.

Hususy maldarlardan başga-da “Türkmenmallary döwlet assosiasiýasy” hem bar. Şol assosiasiýa öňki “kolhozlardaky” maldarçylygyň mirasdüşeri we onuň esasy maksady hem mal ýetişdirip, ilaty et önümleri bilen üpjün etmekden ybarat. Ýöne şol edarada çopan bolup işlänleriň käbirleriniň sözünden çen tutulsa, onda ol ýere ornaşan korrupsiýa bilen ýalňyş hasaplamaklyk hem etiň bahasynyň gymmatlamagyna esas bolýan sebäpleriň käbiridir.

Mallar çopana bagly bolmadyk bir sebäp bilen ölse, şol malyň bahasyny çopan öz alan mal paýyndan tölemeli.
Adynyň agzalmagyny islemedik bir çopanyň aýtmagyna görä, “Şol edarada çopanlar 1000 sany goýun alýan bolsalar, onda ýylyň soňuna olar ony köpeldip bermeli. Eger ýyllyk 1000 goýundan 1000 sany guzy alynsa, onda onuň ýarpysy çopana, ýarpysy bolsa “Türkmenmallarynyň” hasabyna geçýär. Mallar çopana bagly bolmadyk bir sebäp bilen ölse, şol malyň bahasyny çopan öz alan mal paýyndan tölemeli”.

Onuň aýtmagyna görä, ondan başga-da çopanyň çykdajysy az däl. Çopanlar öri meýdanyny çalşanda ulag, ulag üçin ätiýaç şaýlary, mallaryň dermany we ş.m. çykdaýjylary hem bar. Netijede ýylyň soňuna çopan hiç zatsyz galýar, hatda bergidar çykan ýagdaýlary hem az däl.

Agzalýan edarada çopan bolup işleýän 40 ýaşlaryndaky Nury bu barada şeýle gürrüň berdi: “Men çopan bolup işleýärdim, ýöne men bir gezek maşyn sargan bolsam, ýylyň soňunda hasapçylar iki gezek diýip ýazypdyrlar. Ondan başga-da bizden şol maşynyň ätiýaçlyk şaýy bolan ýag motoryny ýylyň dowamynda 12 gezek çalyşdylar diýip ýazypdyrlar. Her aýda ýag motorynyň çalşylmagy mümkin däl” diýip, Nury aga aýdýar.

Etiň bahasy diňe Türkmenistanda däl, soňky ýyllaryň dowamynda käbir goňşy ýurtlarda hem galdy. BMG-niň azyk önümleri we oba hojalyk guramasynyň oktýabr aýynyň 4-inde ýaýradan hasabatyna görä, azyk önümleriniň, şol sanda etiň bahasy-da bütin dünýäde ýokarlanýar. Bu ýagdaýyň esasanam ösüp barýan ýurtlara has ýaramaz täsirini ýetirmegi mümkin.

Şol hasabata görä, agzalýan önümleriň bahasy sentýabr aýynda ortaça 1.4 % galypdyr. Munuň esasy sebäbiniň ABŞ-da, Russiýada we Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlarda geçen ýyl howanyň aşa maýlamagy zerarly bolan gurakçylykdan ybaratdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG