Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: Ogurlyk sebäpli gyrgyzlar bilen hytaýlylar uruşdy


Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş regionynda ýüze çykan bir ogurlyk sebäpli, ýerli ilat bilen hytaý işçiler öz aralarynda ýakalaşdylar. Gürrüňi gidýän dawa ýüzlerçe adamyň gatnaşandygy aýdylýar.

Oş regionynyň polisiýa resmisiniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, sişenbe güni hytaýly işçiler, bir telefony ogurlamakda aýyplap, ençeme gyrgyzy zamun alypdyrlar. Aýdylmagyna görä, zamun alnanlar bäş sany polisiýa işgäri eken.

Kurşab obasynda dörän çaknyşykda ençeme adam, şol sanda 16 hytaýly we bäş polisiýa işgäri ýaralandy.
XS
SM
MD
LG