Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa goranmak pudagyna $1.2 milliard goýberýär


Şu ýyl Ýaponiýada ýurduň goranmak pudagyna goşmaça 1.2 milliard dollar goýberiler.

Goranmak ministrligiň sişenbe güni giçlik ýaýradan beýanatynda bellenmegine görä, goşmaça maliýe serişdeleriniň hasabyna raketalar, harby uçarlar we wertolýotlar satyn alynar.

Häzir Ýaponiýanyň Hytaý bilen käbir territorial dawalary bar. Şeýle-de geçen aý Demirgazyk Koreýanyň geçiren uzak aralyga niýetlenen raketa synagy Tokiony belli bir derejede aladalandyrypdy.

Şu hepdäniň başynda Ýaponiýanyň täze premýer-ministri Şinzo Abe ýurduň goranmak pudagyna has köp çykdaýjylaryň goýberiljekdigini aýdypdy. Berilýän maglumata görä, soňky 11 ýylyň dowamynda Ýaponiýa harby pudagyna edilýän çykdaýjylary artdyrmandyr.
XS
SM
MD
LG