Sepleriň elýeterliligi

Hindistan Kaşmirde amala aşyrylan hüjümi ýazgarýar


Hindistan Pakistan bilen serhetde ýerleşýän dawaly Kaşmir sebitinde iki hindi esgeriniň öldürilmegini berk ýazgardy.

Emma Hindistanyň daşary işler ministri Salman Khurşid çarşenbe güni çykyş edip, bu ýagdaýlaryň “ýitileşmeli” däldigini, şeýle-de munuň özara gatnaşyklary gowulandyrmak tagallalaryna zyýan ýetirmeli däldigini aýtdy.

Hindistanyň harbylarynyň aýtmagyna görä, pakistanly esgerler sişenbe güni araçäkden geçip iki hindi esgerini öldüripdirler.

Pakistan öz esgerleriniň bu waka hiç hili dahylynyň ýokdugyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG