Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Mugt benziniň oňündäki böwetler


Aşgabadyň etegindäki Çoganly şäherçesinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş merkezinde döreýän nobatlar. 8-nji ýanwar, 2013.

Aşgabadyň etegindäki Çoganly şäherçesinde awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş merkezinde döreýän nobatlar. 8-nji ýanwar, 2013.

2-nji ýanwarda “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetleri Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan bank edaralary tarapyndan 2013-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan hususy ýeňil awtoulag we motosikl eýelerine ýylyň birinji ýarymy üçin awtomobil benzininiň we dizel ýangyjynyň talonlarynyň goýberilip başlanjakdygyny habar berdiler.

Emma paýtagtyň mugt benzin talonyny berýän banklarynda, adatdaky bolşy ýaly, nobatlar bolmady. Aşgabadyň Şewçenko köçesiniň ýanynda ýerleşýän “Halkbankyň” bölüminde hem mugt benzin talonyny berýän kassalaryň öňünde nobatlar ýok.

“Häzirlikçe mugt benzin talony berilmeýär. Indiki hepdeden berlip başlanmagy ähtimal” diýip, bu bankyň işgäri aýdýar.

Bu bank bölüminiň sakçy polisiýa işgäri bolsa mugt benzin talonyny almaga gelenlere polisiýanyň Çoganlydaky ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş merkezine barmalydyklaryny aýdýardy.

Maşynlara bildirilýän talaplar

Emele gelen bu ýagdaýyň sebäbi mugt benzin talonyny almak üçin girizilen täze düzgün bilen bagly. Indi mugt benzin talonyny alýan sürüjiler öz awtoulaglarynyň daşky görnüşini gözden geçirtmeli.

Aşgabadyň Şewçenko köçesiniň ugrundaky “Halkbankyň” bölüminde-de häzirlikçe mugt benzin talony berilmeýär.

Aşgabadyň Şewçenko köçesiniň ugrundaky “Halkbankyň” bölüminde-de häzirlikçe mugt benzin talony berilmeýär.

“Awtoulagyň garaňkyradylan aýnalary bolmaly däl. Awtoulagyň kuzowynda çala çyzyk bolsa-da, ony bejerdip gözegçilikden geçirtmeli. Diňe şondan soň ýörite resminama berilýär. Şol resminama bilen mugt benzin talonyny alyp bolýar” diýip, “Halkbankyň” Şewçenko köçesiniň golaýyndaky bölüminiň sakçy polisiýa işgäri sürüjilere düşündirýär.

Polisiýanyň Çoganlydaky ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş merkeziniň ýany eýýäm birnäçe gün bäri her gün uly nobat.

“Ir bilen nobat az bolýar. Günorta golaý nobat köpelip başlaýar. Men irden sagat 7-de gelip, nobata durdum. Diňe häzir günortan sagat 3-de şu edaranyň derwezesine golaýlaşdym” diýip, 1.5 kilometre golaý uzaýan awtoulag nobatynda duran sürüji, 56 ýaşly Nurgeldi aýdýar.

Nobatda duranlaryň käbirleri awtoulaglarynyň aýnalaryndaky garaňkyradýan plýonkany syryp durdylar. “Hatda maşyn zawoddan çykanda aýnasy garaňkyradylan bolsa-da, barlagdan geçip bolanok” diýip, Nurgeldi gürrüň berýär.

Diňe çaklamalar bar

Täze girizilen düzgün barada bu edarada takyk resmi maglumat bolan kagyz gözüme ilmedi. Bu merkeziň golaýyndaky nobaty düzgünleşdirýän ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärleri-de anyk bir zat aýdyp bilmeýärler. Şonuň üçin täze düzgünler barada diňe çaklamalar bar.

Ir sagat 7-de nobata durdum, diňe häzir 15:00-de şu edaranyň derwezesine golaýlaşdym

Käbirleriniň aýtmaklaryna görä, awtoulagyň aýnasynyň garaňkyraldylmagy 50% bolmaly. Beýlekiler bolsa, asla awtoulaglaryň aýnalary garaňkyradylmaly däl diýýärler. Häzirki ýüze çykan ýagdaýy geçen ýylyň 16-njy dekabrynda “Leksus” kysymly awtoulaglar bilen bagly bolan ýagdaýyň dowamy diýip hasap edýänlerem bar.

Şeýle ulaga eýe bolan käbir raýatlaryň aýtmaklaryna görä, şol wagt polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan “Leksus” awtoulaglarynyň garaňkyradylan aýnalarynyň aýrylmalydygy barada şol awtoulaglaryň eýelerine duýduryş berlipdir. Hatda şol awtoulaglaryň nomerleri hem alnypdy. Häzir paýtagtyň köçelerinde aýnalary garaňkyradylan “Leksuslara” duşmak kyn.

“Talonlara garşy ädilen ädim”

Käbir adamlar aýnalary garaňkyradylan hususy ulaglara garşy çäre görülýän häzirki ýagdaýda ýokary wezipeli resmileriň gara aýnaly maşynlary ulanmagyna ünsi çekip, munuň adalatly däldigini aýdýarlar.

Aşgabadyň etegindäki Çoganly şäherçesindäki nobatlar. 8-nji ýanwar, 2013.

Aşgabadyň etegindäki Çoganly şäherçesindäki nobatlar. 8-nji ýanwar, 2013.

Polisiýanyň Çoganlydaky ýol gözegçiliginiň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş merkeziniň golaýyndaky nobatda duran sürüji, 37 ýaşly Geldimyradyň pikiriçe, şeýle çäreler mugt benzin talonlarynyň berilmeginiň öňüni almaga tarap ädilen ädim bolup biler.

Geldimyrat öz pikirini şeýle beýan edýär: “Ýük maşynlary üçin mugt benzin berilmegi ýatyryldy. Indi bolsa gezek ýeňil maşynlaryňky. Bu gezek maşynyň daş keşbi diýerler. Indiki gezek başga bir bahana tapyp, asla mugt benzin berilmez ýäly ederler. Şol bir oýun-da”.

Ýurtda, prezidentiň karary bilen, 2008-nji ýyldan beýläk ýeňil maşynlar we motosikller üçin belli bir çäkde mugt benzin bermek çäresi ýola goýlupdy. Şu karara laýyklykda, ýeňil maşynlaryň eýelerine aýda 120 litr, motosiklleriň eýelerine bolsa 40 litr benzin mugt berilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG