Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brahimi Siriýanyň prezidenti barada berk garaýşy öňe sürdi


BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahdar Brahimi. Nýu-Ýork, dekabr, 2012.
BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahdar Brahimi. Nýu-Ýork, dekabr, 2012.
BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahdar Brahimi Siriýanyň häzirki prezidenti Başar al-Assad geljekde bu ýurtda dörediljek geçiş hökümetiniň düzümine girip biler diýip hasaplamaýandygyny aýdýar.

Bu barada Lahdar Brahimi “Roýter” habar agentligine beren interwýusynda öz garaýşyny mälim etdi.

Siriýada geçiş hökümetini döretmek bu ýurtdaky konfliktleri çözmek üçin bir çygalga hasaplanylýar.

Mundan birneme öň BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahdar Brahimi BBC habar korporasiýasyna beren interwýusynda Assadyň maşgala dinastiýasynyň indi 40 ýyl bäri Siriýa ýolbaşçylyk edip gelmegini siriýalylaryň özleriniň-de “juda uzak möhlet” diýip hasaplaýandyklaryny belledi.

Halk köpçüligi bir maşgalanyň 40 ýyllap häkimiýeti dolandyrmagyny juda uzyn möhlet diýip hasaplaýar
Lahdar Brahimi

Başar al-Assad häkimiýet başyna öz kakasynyň ornuna 2000-nji ýylda gelipdi. Onuň kakasy Hafez 1970-nji ýyldaky döwlet agdarylyşygynda häkimiýet başyna gelip, bu wezipede 30 ýyllap oturypdy.

Şu geçen ýekşenbe güni Başar al-Assadyň oppozision güýçleri “terrorçylar” we “Günbataryň gurjaklary” diýip atlandyryp, olar bilen gepleşik geçirmekden ýüz öwürmegi Lahdar Brahiminiň prezident Assad barada şeýle tutanýerli garaýşy öňe sürmegine has-da itergi berene meňzeýär.

“Harby çözgüt ýok”

Jenap Brahimi şu hepdäniň anna güni Ženewada Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň ýörite wekilleri bilen duşuşyp, Siriýa bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy planlaşdyrýar.

BBC habar gullugyna beren interwýusynda Lahdar Brahimi şeýle diýdi: “Siriýada, meniň pikirimçe, halk köpçüligi bir maşgalanyň 40 ýyllap häkimiýeti dolandyrmagyny juda uzyn möhlet diýip hasaplaýar. Şoňa görä-de, bu ýurtda hakyky özgerişlik bolmaly. Meniň pikirimçe, prezident Assad halkyň isleglerine garşylyk görkezmän, olaryň talabyna seslenmeli”.

Jenap Brahimi Siriýadaky krizise harby ýollar arkaly çözgüt tapyp bolmajakdygyny-da nygtady. Birleşen Milletler Guramasy bu ýurtda 2011-nji ýylda halk gozgalaňlarynyň başlanaly bäri jemi 60 müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.

Birneme soňra jenap Brahimi “Roýter” habar agentligine beren interwýusynda Siriýada geçiş hökümetini döretmek mümkinçilikleri barada gürrüň edip, Başar al-Assadyň “hökümet agzasy bolup bilmejekdigini” aýtdy.

Lahdar Brahiminiň bu çykyşyna häzirlikçe Siriýanyň hökümetinden resmi reaksiýa bolmady. Emma Siriýanyň oppozisiýasy onuň bu garaýşyny hoşallyk bilen garşy aldy.

Jenap Brahimi prezident Başar al-Assadyň geçen ýekşenbe güni eden çykyşy barada-da tankydy garaýyşlary aýtdy. Siriýanyň prezidenti şol eden çykyşynda parahatçylyk barada dialoglaryň bolmalydygyny aýtsa-da, öz garşydaşlary bilen nähilidir barlyşyga gelmek mesele barada gürrüň etmedi. Ol diňe “Siriýa dönüklik etmedikler” bilen dialoga girip biljekdigini aýdyp, köpmanyly gürrüň etdi.
XS
SM
MD
LG