Sepleriň elýeterliligi

Awstraliýa Eýrana garşy täze sanksiýalary girizýär


Awstraliýa Tähranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly Eýrana garşy girizen sanksiýalaryny artdyrjakdygyny mälim etdi.

Awstraliýanyň daşary işler ministri Bob Karr penşenbe güni ýaýradan beýanatynda, giriziljek täze sanksiýalaryň Eýranyň maliýe, söwda, energiýa we transport pudaklaryna gönükdiriljekdigini aýtdy.

Beýanatda, Awstraliýanyň bu sanksiýalary Ýewropa Bileleşigi we beýleki ýurtlar tarapyndan amala aşyrylýan çäreler bilen kybapdaşdygy nygtalýar.

Günbataryň girizen çäreleri we gadagançylyklary sebäpli Eýranyň ykdysadyýetinde we nebit eksportynda pese gaçma göründi.

Eýran özüniň ýadro ýaragyny özleşdirýändigi baradaky aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG