Sepleriň elýeterliligi

Parižda üç kürt aýal aktiwisti atylyp öldürildi


Pariždaky üç kürt aýal aktiwisti kellesinden atylyp öldürildi. Bu barada Fransiýanyň habar serişdeleri maglumat berýär.

Atylyp öldürilen şol aýallaryň biriniň Kürdüstanyň işçiler partiýasynyň, ýagny PKK-nyň döredijileriniň biridigi aýdylýar. Bu barada Pariždaky kürt web saýty habar berýär.

Fransuz resmileri aýallaryň öldürilendigini tasykladylar, ýöne olaryň şahsyýeti barada maglumat bermediler. Olaryň jesetleri gijäň ýaryndan soň, kürt jemgyýetiniň agzalary tarapyndan tapyldy.

Aýallaryň näme sebäpden öldürilendigi barada maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG