Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň delegasiýasynyň Phennýana sapary tamamlandy


Täze Meksikanyň öňki gubernatory Bill Riçardson we “Google” gözleg sahypasynyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Erik Şmidt Demirgazyk Koreýa saparyny tamamladylar.

Riçardson Phenýandan gaýdyp Hytaýyň paýtagty Pekine barandan soň, edilen bu saparyň dowamynda dekabrdan bäri Demirgazyk Koreýada ýesirlikde saklanýan asly koreýaly amerikalynyň azatlyga goýberilmegini gazanyp bilmändigini aýtdy.

Riçardson ýesirlikdäki Kennet Bae bilen duşuşmaga mümkinçiliginiň bolmandygyny, ýöne Demirgazyk Koreýanyň resmileriniň oňa Baeiň saglyk ýagdaýynyň gowudygyny gürrüň berendigini aýtdy.

Phenýanda Riçardson “Associated Press” habar agentligine beren maglumatynda, Demirgazyk Koreýanyň dolandyryjylaryna halkyň internet we mobil telefonlarynyň has elýeterli bolmagyna, şeýle-de ýadro derňewlerini we raketa synaglaryny wagtlaýynça togtatmaga çagyryş edendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG