Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň Kuetta şäherindäki partlamada azyndan 11 adam öldi


Penşenbe güni Pakistanyň günorta-günbataryndaky Kuetta şäherinde amala aşyrylan bomba hüjüminde azyndan 11 adam öldi, şeýle-de ençeme adam ýaralandy. Bu barada ýurduň polisiýasy habar berýär.

Häzire çenli bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Kuetta Pakistanyň Baloçistan welaýatynyň paýtagtydyr. Bu regionda onlarça ýyl bäri buluçlar welaýatyň tebigy resurslaryndan köpräk paý we awtonomiýany talap edip, hüjümleri amala aşyrýarlar.
XS
SM
MD
LG