Sepleriň elýeterliligi

SRG: Täze türkmen media kanuny durmuşy hakykatdan üzňe


"Serhetsiz reportýorlar guramasynyň" Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminden Ýohan Bir

"Serhetsiz reportýorlar guramasynyň" Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminden Ýohan Bir

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy 4-nji ýanwarda Türkmenistanda güýje giren Media baradaky kanun dogruda ýörite beýannama ýaýratdy we bu kanuna öz garaýşyny beýan etdi.

Žurnalistleri goraýan “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň wekili Ýohan Bir, guramanyň beýannama ýaýratmagynyň sebäbini düşündirip, Türkmenistanyň Media baradaky täze kanunynyň çap edilmegi bilen “uly ähmiýete eýe bolan bu wakany duşundan geçirmän, ony kommentirlemek isländigini” aýtdy.

“Bu kanun pikir azatlygyna güwä geçýär we senzurany gadagan edýär, emma dünýäniň iň ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda resmi derejede aýdylýan sözler bilen iş ýüzünde edilýän hereketleriň arasynda bar bolan uly tapawudyň aradan aýrylmagy üçin şu çaka çenli hiç zat edilmedi” diýip, “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň beýannamasynda bellenýär.

Beýannamada “Habar serişdelerine eden-etdilikli çemeleşilýän ýurtda Media baradaky kanunyň kabul edilmegi öňe tarap kiçijik bir ädimdir” diýip bellenýär. Şeýle-de kanundaky düzgünleriň durmuşa geçirilip başlanmagy üçin ýurtda köp zadyň üýtgemelidigi aýdylýar.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň wekili Ýohan Bir Media baradaky kanunyň mazmuny “kagyz ýüzünde kämil” görünýän hem bolsa onuň žurnalistleri goramaga ukyply boljagynyň şübheli görünýändigini aýtdy. Ýohan Biriň sözlerine görä, Türkmenistan media azatlygy boýunça halkara hasabatlarynda ýyllar boýy iň erbet ýurtlaryň arasynda agzalýar we ähli habar serişdelerine gözegçilik edýän döwlet hökmünde tanalýar.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň pikirine görä, Türkmenistanda hakyky demokratik reformalar geçirilmese, bu kanun kagyzda galar. “Bu kanunda kepillendirilýän hukuklaryň hakyky manysynda durmuşa geçirilmegi üçin, jemgyýetiň bu hukuklary talap etmegi we olardan peýdalanmagy üçin häkimiýetleriň garaýşy, ýurduň syýasy we kanuny goraýjy sistemasy üýtgedilmeli” diýip, guramanyň beýannamasynda aýdylýar.

Şeýle-de “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Türkmenistanyň Media baradaky kanunyny düzmek işine ÝHHG-niň goşant goşandygyny makullaýar. Gurama indi Türkmenistanda täzelikleri we informasiýany ýaýradýanlaryň hak-hukuklara eýedigini ykrar edýän kanunyň bardygyny belläýär we häkimiýetleriň öz kanunlaryna hormat goýmaga borçludygyny olara ýatladyp durmaga özüniň çekinmejegini duýdurýar.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasy Türkmenistanda garaşsyz žurnalistleriň howp astynda işleýändigini belleýär we Sapardurdy Hajyýewiň hem Annagurban Amangylyjowyň alty ýyla golaý wagtlap tussaglykda saklanýandygyny ýatladýar.

Türkmenistanyň 4-nji ýanwarda güýje giren Media baradaky kanuny ýurtda maglumatlary toplamak, täzelikleri we informasiýany taýýarlamak hem ýaýratmak işini düzgünleşdirýär, şeýle-de maglumat ýaýradýanlaryň hukuklaryny, wezipelerini we jogapkärçiligini kesgitleýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG