Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: maşgala kanunynyň amerikalylara bökdençlikleri


Orsýetli aktiwistler ýetim çagalar bilen bagly kanunyň Sergeý Magnitskiý bilen bagly ABŞ-nyň kanunyna garşy çäre hökmünde kabul edilmegine garşy protest bildirýärler. Moskwa, 19-njy dekabr, 2012.

Orsýetli aktiwistler ýetim çagalar bilen bagly kanunyň Sergeý Magnitskiý bilen bagly ABŞ-nyň kanunyna garşy çäre hökmünde kabul edilmegine garşy protest bildirýärler. Moskwa, 19-njy dekabr, 2012.

Ýakynda, dekabryň ahyrynda Orsýetde amerikalylaryň orsýetli çagalary perzentlige almaklaryna gadagançylyk girizýän kanunyň kabul edilmegi käbir amerikaly maşgalalaryň bu ugurdaky planlaryna gönüden-göni täsir etdi.

Amerikaly zenan Meri müňlerçe kilometr uzaklykda, Orsýetiň ýetimler öýünde ýerleşýän 21 aýlyk Preston barada özüniň perzentlige aljak çagasy hökmünde gürlänok-da, ony “meniň oglum” diýip atlandyrýar. Özi-de, ol Prestony “getirip bilermikäm” diýen äheňde däl-de, “haçan getirerkäm” diýen äheňde gürleýär.

Häzirki wagt Orsýetden çagalary perzentlige almak meselesiniň ynjyk meselä öwrülendigine görä, ol öz hakyky adyny-da gizläp, “Meri” diýen lakamy ulanmagy makul bilýär. Meri we onuň adamsy Orsýetiň täze kanuny sebäpli Orsýetiň ýetimler öýünden perzentlige çaga almak planlarynyň öňüne böwet bolan amerikaly 46 maşgaladan diňe biri.

Bu 46 maşgaladan her biri özleriniň perzentlige aljak çagalaryny eýýäm azyndan iki gezek öz gözleri bilen görüp, bir aýlyk garaşmak möhletine eýerip, garaşyp oturan maşgalalar. Hut olaryň şu garaşmak döwründe-de Orsýet amerikalylaryň orsýetli çagalary perzentlige almaklaryna gadagançylyk giriziji täze kanuny kabul etdi.

Böwet hökmünde garamaýarlar

Emma, muňa garamazdan, bu 46 maşgaladan käbirleri ýaly Meri hem Orsýetiň bu kanunyna gutarnykly bir böwet hökmünde garamaýar. Ol bu ugurda täze ädimlere taýýarlanýar. Bu amerikan maşgalalaryndan käbirleri bu gadagançylygyň döreden böwetlerine garşy kanuny taýdan göreşmek üçin eýýäm orsýetli adwokatlar bilen pikir alşyp ýörler.

Mundan daşary, bu maşgalalardan käbirleri hatda Orsýete tarapa ýola düşmeklige taýýarlyk görýärler. Olar Orsýetden perzentsiz dolanmajakdyklaryna-da uly ynam edýärler. Şolardan birem Meri.

“Ýone garaşyp ýa-da býurokratiýanyň nähili işleýändigine syn edip oturanymyzdan, biz ýurduň içine barmaklyk iň ýerlikli iş bolar diýip hasaplaýarys. Şeýlelikde, biz Orsýete gitmekligi planlaşdyrýarys. Ýöne bu kanuny äsgermezlik etmek däl. Biziň bu ädimimiz ‘Şu biziň çagamyz’ diýmek. Hiç bir ene ýa ata şundan üýtgeşik hereket etmezmikä diýýärin” diýip, amerikaly Meri ýagdaýy düşündirýär.

Birleşen Ştatlaryň demirgazyk-gündogar regionynda ýaşaýan 50 ýaşlaryndaky Meri orsýetli çagany perzentlige almak baradaky dokument işleriniň dekabryň ortalaryna eýýäm tamamlanandygyny aýdýar. Bu mesele boýunça ABŞ bilen Orsýetiň arasynda işläp gelen ozalky ylalaşyga laýyklykda, Meriniň orsýetli oglanjygy perzentlige almagy üçin diňe talap edilýän 30 gün garaşmak möhleti galypdyr.

22 ýyllyk kärini-de taşlady

Meriniň aýtmagyna görä, onuň perzentlige almakçy bolýan çagasyny mundan öň orsýetli maşgalalardan hem 22 sanysy baryp görüpdir. Emma çaganyň asyl ejesiniň saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly bar bolan meseleler sebäpli olar bu çagany perzentlige almak islemändirler.

Amerikaly Meri geljekki perzentlige aljak çagasy üçin çaga lukmanyny-da tapypdyr we çaganyň aladasy bilen bolmak üçin özüniň 22 ýyl işlän kärini-de taşlapdyr.

Ýöne Orsýetiň parlament deputatlary özleriniň kabul eden täze kanunlaryny Orsýetden perzentlige alynýan çagalary Birleşen Ştatlaryň raýatlarynyň birehim çemeleşmeklerinden goramak üçin görlen çäre hökmünde düşündirýärler. Olar bu meselede orsýetli çagalaryň öz amerikan öweý ene-atalary tarapyndan fiziki zoruklara sezewar edilmekleri bilen baglanyşykly käbir wakalary delil hökmünde görkezýärler.

Häzirki wagt Orsýetiň ýetimler öýlerinde 700 müňden gowrak çaga bar. Olaryň ýerli orsýetli maşgalalar tarapyndan perzentlige alynmak derejesi örän pes. Soňky ýyllarda ähli beýleki daşary ýurtlar bilen deňeşdirilende, Birleşen Ştatlar orsýetli çagalary iň köp perzentlige alan ýurt hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG