Sepleriň elýeterliligi

Zähmet migrantlarynyň deportasiýasy


Türkmenistanly Ylham: “Wiza ýoklugy sebäpli polisiýadan gaçyp, gynalyp işleýäs, şonuň üçin biz bu taýda kyn ýagdaýda hiç ýere çykman, gynalyp işleýäs”.

Türkmenistanly Ylham: “Wiza ýoklugy sebäpli polisiýadan gaçyp, gynalyp işleýäs, şonuň üçin biz bu taýda kyn ýagdaýda hiç ýere çykman, gynalyp işleýäs”.

Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň ýaşaýjysy Şatlygyň Türkiýeden deportasiýa edilip, Türkmenistana baranyndan bäri aradan 5 ýyl geçdi. Ol şol möhletiň dowamynda daşary ýurtlara çykyp bilmändigini aýdýar. Sebäbi ol migrasiýa kanunyny bozanlygy üçin daşary ýurtlara çykmagyna çäklendirme girizilen raýatlardan biri.

Kanuny meseleler boýunça ekspert, aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýewiň aýtmagyna görä, şeýle adamlaryň ýurtdan çykmagyna garşy girizilen çäklendirmäniň bäş ýyla çekmegi mümkin, emma bu çäklendirmäniň möhleti ýagdaýa görä üýtgäp hem bilýär.

Ol näçe möhlet bilen ýurtdan çykarylman saklanyp bilner, bu barada kanunyň özünde gönüden-göni möhlet görkezilmändir, ýöne şol kanun esasynda instruksiýalar, düzgünnamalar kabul edilýär, şolar boýunça, biziň bilişimize görä, birinji gezek şonuň ýaly düzgüni bozup deportasiýa edilip baran bolsa, 5 ýylyň dowamynda daşary ýurda çykmak hukugyndan mahrum edilýär.

Egher-de has agyr ýagdaýda deportasiýa edilen bolsa, onda onuň 10-ýyla çenli çekmegi mümkin diýip aşgabatly ekspert Aşyrguly Baýry aýdýar. Bu migrasiýa boýunça kanunyň 30-nji maddasynyň 9-njy bölüminde görkezilen düzgün.

Türkiýä dolanmagyň ugrunda

Lebaply Şatlygyň ýagdaýynyň aýdylýan bu maddalardan haýsysyna gabat geländigi barada bir zat aýtmak kyn. Emma ol häzirki günlerde 5 ýyl diýen möhlet gutaransoň,.

Şatlyk hem käbir beýleki türkmenistanly zähmet migrantlary ýaly Türkiýä işlemäge gaýdanlardan biri. Ol mundan 8 ýyl ozal Türkmenistandan ýola çykanda, bir aýlyk möhletli iki tarapa bilet alyp Türkiýä barypdyr.

Emma biz işleýän ýerimizden çykmaýasam, girmeýäsem. Şol ýerde ýatýas-turýas

3 ýylyň dowamynda Şatlyk Türkiýede birnäçe işde işläpdir. Onuň ilkinji işi Stambul şäheriniň bir sport seksiýasynyň türgenleşik zalynyň arassaçylygyna seretmek, ýagny syryp-süpürmek bolupdyr. Ondan soň ol jinsi balak çykarylýan fabrikde işläpdir we şol iş ýerlerindäki zähmet hakyndan kanagatlanman, soňunda çörek bişirýän zawoda ýerleşipdir.

32 ýaşly Şatlyk deportasiýa edilen günlerini ýatlap şeýle diýýär: “Bir gün iş ýerimden daş bolmadyk dükandan ony-muny satyn almaga çykanymda, meni iki sany polisiýa işgäri saklady we meniň türkmenligimi we bikanun ýaşaýandygymy edil bilen ýaly, deportasiýa üçin saklanýan ýere alyp gitdiler”.

Onuň aýtmagyna görä “Türkiýede bikanun işlap tutulan daşary ýurtlularyň saklanýan ýeri bar. Polisiýa tutulan adamlaryň ýanlarynda yzyna dolanmak hemem degişli jerimeleri tölemek üçin ýeterlik puly bolmasa, tä olar şol pullary tapýança, şol ýerde saklaýarlar.

Şatlygyň sözlerinden çen tutsaň, Türkiýä işlemäge barýan zähmet migrantlarynyň aglabasy ol ýerde bikanun esaslarda işläp, ýurtda galmaly möhletini geçiren adamlar, olar ýerli polisiýa işgärleriniň eline düşen badyna, deportasiýa edilýärlerler.

“Hupbatly ýaşaýyş”

Beýle ýagdaýda ýaşamaklygyň özi ýeterlik derejede hupbatly diýip, häzirki döwürde Türkiýede işläp ýören beýleki bir zähmet migranty Ylham bize gürrüň berdi.

“Wiza ýoklugy sebäpli polisiýadan gaçyp, gynalyp işleýäs, şonuň üçin biz bu taýda kyn ýagdaýda hiç ýere çykman gynalyp işleýäs. Köp adamlar wizalaryny dogurladyp, pul berip-zat edip, dogurladyp, asta-ýuwaş gelip, işläp ýörler. Emma biz işleýän ýerimizden çykmaýasam, girmeýäsem. Şol ýerde ýatýas-turýas. Ýagdaýlarymyz şunuň ýaly kyn” diýip, Türkiýede işleýän türkmenistanly Ylham ýagdaýy düşündirýär.

Ylham edil häzirki döwürde hem Türkiýede işläp ýör. Kanuny statusy bolmansoň, onuň hem Şatlygyň ýagdaýyna düşmejegini aýtmak kyn. Sebäbi soňky günlerde Türkiýeden deportasiýa edilip, türkmenistana barýanlaryň sanynyň barha artýandygy aýdylýar.

Şatlygyň aýtmagyna görä, ýurtda işsizligiň dowam edýändigi aýdylýan häzirki pursatda beýle habarlar onuň sussyny pes edenok, şonuň üçin ol häzirki döwürde migrasiýa gullugyna ýüzlenip, özüniň ýurtdan çykmagyna garşy girizilen gadagançylygyň aýrylyp-aýrylmandygyny bilmäge synanyşýar.

Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň ýaşaýjysy, mundan 5 ýyl ozal Türkiýeden deportasiýa edilip, Türkmenistana baran bu ýigit indiki ädimini migrasiýa gullugyndan beriljek jogaba görä ätjekdigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG