Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystan: Täze ýyl dawalary


Täze ýyl oýnawaçlary
Täze ýyl oýnawaçlary

Dekabryň ahyrlaryna Dagystanda on sany adam öz ildeşlerini Täze ýyl baýramyny bellemezlige çagyrany üçin tussaglyga alnypdy. Şol adamlar häzir azatlyga goýberildi. Emma musulman jemgyýetinde dünýewi baýramçylyklaryň bellenmegi baradaky jedeller heniz hem dowam edýär.

Eger-de Dagystanda Täze ýyl baýramçylygynyň bellenmezligine çagyryş etmek meýliňiz bar bolsa, ägä boluň! Siziň gözenegiň aňyrsyndan çykmagyňyz hem mümkin.

Dagystanyň Hasawýurt şäherinde üç adam “Täze ýyly bellemäň” diýen çagyryşlary üçin administratiw jogapkärçilige çekilip, on gün tussaglyga höküm edilipdi.

Magomed Abdulkerimow, başga-da iki erkek kişi türmeden 9-njy ýanwarda boşadyldylar. 27-nji dekabr güni 10 adam “Täze ýylyň musulman baýramçylygy däldigini aýdyp, ony bellemezlige” çagyrýan kagyzlary ýaýradandyklary üçin tussag edilipdi.

"Kanun bozulmady"

Tussag edilenleriň 6-sy birnäçe sagatdan soň goýberildi. Şamil Aglarhanow bolsa, üç günden soň, ýagny 29-njy dekabrda azat edildi.

Şol adamlaryň aýtmagyna görä, olara aklawçylary bilen duşuşmaga rugsat berilmändir. Aklawçy Ziýawedin Uwaýisow beýle çagyryşly kagyzlary ýaýratmak bilen, kanunyň bozulmaýandygyny öňe sürýär.

Tussaglykda oturyp çykan şol adamlaryň bellemegine görä, çagyryşly kagyzlary olara ýerli metjitde beripdirler. Dagystanda dünýewi baýramçylyklaryň bellenilip-bellenmezligi meselesinde uly jedeller dowam edýär.

2011-nji ýylyň dekabrynda Dagystanyň premýer-ministriniň orunbasary Rizwan Gazimagomedow “ýurduň mekdepleriniň üçden ikisinde Täze ýyly bellemezlik yglan edilipdir” diýilýän habarlary ret edip, çykyş hem edipdi. Şonda Gazimagomedow Dagystanyň dünýewi bir respublikadygyny nygtap, dünýewi baýramçylyklaryň bellenmeginiň dowam etjekdigini sözüniň üstüne goşupdy.

28-nji dekabrda geçirilen juma namazynyň dowamynda ýerli ymamlar adamlary Täze ýyly bellemezlige çagyryş edipdiler. Olar yslam dininiň öz ýyl hasabynyň bardygyny nygtapdylar.

Şu ýyl Dagystanyň paýtagty Mahaçgalada baýramçylyk juda çäkli derejede bellenilip geçilipdir. Şäheriň merkezi meýdançasynda dikilen baýramçylyk arçasyny hem polisiýa işgärleri gorapdyr.
XS
SM
MD
LG