Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý Waşingtonda prezident Obama bilen gepleşik geçirmekçi


Anna güni Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý öz ýurdunyň geljegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Waşingtonda prezident Barak Obama bilen duşuşýar.

Bu gepleşikde Karzaý bilen Obama 2014-nji ýylyň ahyrynda halkara koalision güýçleri Owganystandan doly çykarylandan soňra näçe möçberde amerikan harbylaryny bu ýurtda saklap galmak meselesi barada maslahat ederler diýlip garaşylýar.

ABŞ-nyň resmileri Owganystanda galdyryljak amerikan harbylarynyň Owganystanyň esgerlerine tälim bermek hem-de howpsuzlyk işlerine ýardam bermek bilen meşgullanjakdyklaryny aýdýarlar.

Şu hepdäniň penşenbe güni Hamid Karzaý Waşingtonda Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton we Goranmak sekretary Leon Panetta dagylar bilen-de gepleşik geçirdi.
XS
SM
MD
LG