Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Ykdysady azatlykda yzdalygy dowam etdirýär


Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş institutynyň binasy. Aşgabat, 5-nji iýun, 2012 ý.
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş institutynyň binasy. Aşgabat, 5-nji iýun, 2012 ý.
“Ykdysady azatlyk” indeksiniň ýyllyk 19-njy neşiriniň redaktorlarynyň gelen netijelerine görä, ykdysady azatlygyň global ilerlemesi togtady.

“Heritage” fondy bilen “Wall Street” žurnalynyň 10-njy ýanwarda çap eden hasabatynda dünýäniň 177 ýurdunda geçirilen barlaglar esasynda gelnen netijeler beýan edilýär.
“Ykdsady azatlyk” görkezijisiniň redaktorlary 2008-nji ýylda iň ýokary derejesine ýeten ykdysady azatlygyň durgunlygynyň dowam edendigini aýdýarlar.

Emma muňa garamazdan, geçen ýyl babatdaky umumy tendensiýa pozitiw hasaplanýar. Ykdysady indeksiň 177 ýurduň arasyndaky barlaglary 91 ýurtda ilerleme, 78 ýurtda bolsa gaýtgynlyk bolandygyny görkezýär.

Bellemeli bir mesele, ortaça hökümet harçlamalary boýunça berilýän bahalar ýokarlanypdyr. Gynançly ýeri, bu normatiw, düzgünleşdirme netijeliliginiň peselmegi bilen utgaşýar.

Bir topar ýurt minimal aýlygy ýokarlandyrdy we zähmet bazaryna gözegçiligi berkitdi diýip, “Ykdysady azatlyk” görkezijisiniň ýyllyk hasabaty baradaky maglumatda aýdylýar.

Ykdysady azatlygyň onlugy

Gongkong we Singapur “Ykdysady azatlyk” indeksiniň 19-njy neşirinde birinji we ikinji ýeri eýelediler. Awstraliýa we Täze Zelandiýa üçünji we dördünji orny alsa, Şweýsariýa bäşinji ýeri eýeledi. Kanada, ýarym derejäni ýitirenligine garamazdan, dünýäde ykdysady azatlyk boýunça altynjy, Çili bols, has giň ykdysady azatlyga tarap ýarym dereje süýşüp, ýedinji orunda barýar.

Dünýäniň ykdysady taýdan azat on ýurdunyň arasyna Günorta Afrikadan ýeke ýurt, Mawritaniýa girýär, ol 76.9 dereje alyp, sekizinji orny eýeläpdir. Ykdysady azatlyk boýunça Daniýa dokuzynjy, Birleşen Ştatlar bolsa onunjy orunda durýar.
Türkmenistana umumylykda 42.6 dereje berlipdir we bu ýurduň özgerişi 1.2 derejesini alypdyr.


1995-nji ýyldan bäri çap edilýän “Ykdysady azatlyk” indeksi ýurtlaryň ykdysady azatlygyna dört ugur boýunça baha berýär. Ol ugurlar kanunyň hökmürowanlygy, normatiw, düzgünleşdirme netijeliligi, çäklendirilen hökümeti we azat bazarlary öz içine alýar.

Şu ugurdaky ösüşler esasynda çykarylan sanlar esasynda, ýagny goşulan ýagdaýynda 80 ýa ondan hem ýokary dereje alan ýurtlara “azat”, 70-den 79.9-a çenli dereje alan ýurtlara “aglaba azat”, 60-dan 69.9-a çenli dereje alan ýurtlara “aram azat”, 50-den 59.9-a çenli dereje alan ýurtlara “aglaba azat däl”, 50 derejeden az baha alan ýurtlara bolsa “basyşdaky” ýurtlar diýlen baha berilýär.

Kesgitleýji şertler

Bu ýerde on sany aýratyn kategoriýa bolup, olara emläk hukuklary, korrupsiýadan azatlyk, maliýe azatlygy, hökümet harçlamalary, biznes, telekeçilik azatlygy, zähmet azatlygy, pul, walýuta azatlygy, söwda azatlygy, inwestisiýa azatlygy we finans azatlygy girýär. Onsoň ol ýa-da beýleki ýurduň ykdysady azatlygyna baha bermek üçin şu kategoriýalar boýunça alnan bahalar jemlenip, umumy bir baha çykarylýar.

Geçen ýylyň barlaglary boýunça dünýäniň ykdysady azatlyk taýdan iň ilerlän ýurdy Gürjüstan bolup, onuň alan bahasy 2.8 dereje ýokarlanypdyr. Bu ýurt umumylykda 72.2 dereje alyp, dünýäniň "aglaba azat" ykdysadyýetleriniň arasynda orun alypdyr.

Ykdysatçy bilermen Irakli Lekvinadze we "Gürji arzuwy" ykdysady programmasynyň awtory Demur Giorkhelidze. Tbilisi, 2012.
Ykdysatçy bilermen Irakli Lekvinadze we "Gürji arzuwy" ykdysady programmasynyň awtory Demur Giorkhelidze. Tbilisi, 2012.
Yzdaky ýurtlar

Öňki sowet respublikalaryndan Belarus, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Orsýet “aglaba azat däl” ýurtlaryň hatarynda galýar. Ukraina, Özbegistan, Türkmenistan bolsa, “basyşdaky” ýurtlaryň arasynda agzalýar. Ýagny 177 ýurduň arasynda Belarus 154-nji, Ukraina 161-nji, Özbegistan 162-nji, Türkmenistan bolsa 169-njy orunda görkezilipdir.

Anyk sanlar bilen aýdylanda, Türkmenistana umumylykda 42.6 dereje berlipdir we bu ýurduň özgerişi 1.2 derejesini alypdyr.

“Ykdysady azatlyk” indeksiniň iň pes bahasyny Demirgazyk Koreýa alypdyr.

XS
SM
MD
LG