Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistandaky partlamalarda ölenleriň sany 115-e ýetdi


Pakistanda penşenbe güni amala aşyrylan partlamalarda ölenleriň sanynyň 115-e ýetendigi habar berilýär. Bu wakada onlarça adam ýaralanypdyr.

Pakistanyň resmileri Kwetta şäherinde amala aşyrylan partlamalaryň soňky ýyllarda bu ýurtda amala aşyrylan iň bir uly ýitgili hüjüm bolandygyny aýdýarlar.

Maşyna ýerleşdirilen bomba arkaly amala aşyrylan iki sany güýçli partlamada Kwetta şäherindäki şaýy musulmanlaryna degişli bir bilýard klubynyň nyşana alnandygy aýdylýar. Diňe şol iki partlamada 80-den gowrak adam ölüpdir.

Şol wakadan birneme öň bolsa bu şäheriň başga bir ýerinde ýerli harbylary nyşana alyp amala aşyrylan partlamada azyndan 11 adam ölüpdi. Şol gün ýurduň Swat jülgesinde-de diňi çärä ýygnanan adamlaryň ýanynda amala aşyrylan bir partlamada azyndan 22 adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG