Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýada göni ses arkaly ilkinji prezident saýlawlary geçirilýär


Anna we şenbe günleri Çehiýa Respublikasynda ilkinji gezek göni ses bermek arkaly prezidentlik saýlawlary geçirilýär. Mundan ozal Çehiýanyň prezidenti bu ýurduň parlamenti tarapyndan saýlanylýardy.

Täze saýlanjak prezident Çehiýa indi iki möhlet prezidentlik eden Waslaw Klausyň ornuna geler. Onuň prezidentlik möhleti şu ýylyň martynda tamamlanýar.

Häzirki prezidentlik saýlawlarynda dokuz sany kandidat özara bäsleşer. Ýöne ilat arasynda geçirilen pikir soraýyşlyklar ýurduň ozalky premýer-ministrleri Ýan Fişer bilen Milos Zemanyň has uly goldawdan peýdalanýandyklaryny görkezýär.

Pikir soraýyşlyklaryň netijesine görä, üçünji orunda kompozitor we bedenindäki çakdanaşa köp tatu suratlary bilen tanalýan Wladimir Franz durýar.

Saýlawlaryň birinji tapgyrynda iň köp ses alan iki kandidat ýene iki hepdeden geçiriljek indiki tapgyr saýlawlarda özara bäsleşer.
XS
SM
MD
LG