Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda ÖYH-niň agzalygynda güman edilýän 3 adam ele salyndy


Täjigistanyň Içeri işler ministrligi täjik-özbek serhet ýakasynda geçirilen ýörite operasiýada Özbegistanyň Yslam Hereketiniň agzasydyr diýlip güman edilýän üç adamyň tussag edilendigini mälim etdi.

Bu operasiýa Täjigistanyň demirgazygyndaky Masçoh regionynda 9-njy ýanwardan 10-njy ýanwara geçilen gije geçirilipdir. Polisiýanyň we howpsuzlyk güýçleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu operasiýada ok-ýaraglaryň hem ele salnandygy habar berilýär.

Kanun taýdan gadagan edilen Özbegistanyň Yslam Hereketiniň agzalary soňky ýyllar Owganystanyň we Pakistanyň territoriýalarynda aktiw hereket edýärler.
XS
SM
MD
LG