Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda geçirilen operasiýada bir söweşiji öldürildi


Şenbe güni Orsýetiň howpsuzlyk resmileri ýurduň Dagystan respublikasynda geçirilen operasiýada ýaragly söweşjeň toparyň bir agzasynyň öldürilendigini mälim etdiler.

Maglumata görä, bu operasiýa Mahaçkala şäheriniň golaýyndaky Nowyý Kuşet atly ilatly punktda geçirilipdir.

Orsýetiň habar agentlikleri şenbe güni irden bu gürrüňi edilýän obada bir ýaşaýyş jaýynyň daşynyň gabalandygyny we ondaky iki sany ýaragly söweşijiniň garşylyk görkezýändiklerini habar beripdiler.

Bu operasiýada howpsuzlyk güýçleriniň-de bir esgeriniň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG