Sepleriň elýeterliligi

Bakuda esgeriň ölümi bilen bagly protest çäresi gurnaldy


Şenbe güni Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda ýüzlerçe adam ýurduň harby bölüminde bir esgeriň ölümine getiren waka bilen baglanyşykly protest çäresine ýygnandy.

Bakuwyň merkezindäki “Fontan meýdançasynda” gurnalan bu çäre internet arkaly iş alyp barýan aktiwistler tarapyndan gurnaldy.

Demonstrasiýa bilen bir hatarda aktiwistler ýurduň goşun bölümlerinde ýaş esgerleriň ölümine getirýän wakalaryň öňüni almaklyga çagyryş edip, prezident Ylham Alyýewiň adyna ýazylan açyk hata gol toplamak çäresini-de ýola goýdular.

Azerbaýjanly aktiwistleriň bu meselä ünsi çekmeklerine şu geçen hepde Jeýhun Kubadow atly bir ýaş esgeriň harby bölümde ölmegi sebäp boldy.

Goşun bölüminiň resmileri onuň ýürek keselinden ölendigini aýtsalar-da, esgeriň dogan-garyndaşlary onuň bedeninde zorluklaryň we urgularyň yzlarynyň bardygyny aýdýarlar. Häzirki wagt ýurduň häkimiýetleriniň bu waka boýunça derňew işlerini ýola goýandyklary habar berilýär.
XS
SM
MD
LG