Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda protestçiler uly transport ýoluny bagladylar


Şenbe güni pakistanly şaýy musulmanlarynyň müňe golaýy ýurduň günorta-günbatar regionynda uly transport ýoluny baglap, protest demonstrasiýalaryny ikilenji gün dowam etdirdiler.

Bu protestçileriň aglabasy şu geçen hepde öldürilen şaýy musulmanlarynyň dogan-garyndaşlary. Olar Pakistanyň häkimiýetlerini özleriniň howpsuzlygyny goramak üçin talabalaýyk çäreleri görmeýänlikde tankytlap, howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmekligi talap edýärler.

Protestçiler demonstrasiýanyň geçirilýän ýerine geçen hepde öldürilen adamlardan ellä golaýynyň tabytlaryny-da göterip getiripdirler.

Şu geçen hepdäniň penşenbe güni Kwette şäherinde ýerli şaýy musulmanlarynyň eýeçiligindäki bir bilýard klubyny nyşana alyp amala aşyrylan iki sany güýçli partlamada 80-den gowrak adam öldi.

Bu hüjümleriň jogapkärçiligini “Laşkari-Jhangwi” atly sünni ekstremistik topary öz üstüne aldy.
XS
SM
MD
LG