Sepleriň elýeterliligi

Hatyra güni: Gökdepe galasyndaky çäreler


12-nji ýanwarda Hatyra güni Gökdepe galasynda aýratyn uly gerimde bellenilip geçildi. Gökdepe, 12-nji ýanwar, 2013.

12-nji ýanwarda Hatyra güni Gökdepe galasynda aýratyn uly gerimde bellenilip geçildi. Gökdepe, 12-nji ýanwar, 2013.

Şenbe güni, 12-nji ýanwarda Türkmenistanda Hatyra güni bellenilip geçilýär. Hatyra gününi 1881-nji ýylyň Gökdepe urşunyň we tragediýasynyň ýyl dönümine gabatlap 12-nji ýanwarda bellemeklik 1991-nji ýylyň ýanwaryndan resmi ýagdaýda ýola goýulypdy. Adat bolşy ýaly, bu ýyl hem Hatyra güni Gökdepe galasynda aýratyn uly gerimde bellenilip geçildi. Azatlyk Radiosy bu çärä gatnaşan Türkmenistandaky habarçysy Myrat Gurbanow bilen bu barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Myrat, şu gün Türkmenistanda Hatyra güni nähili bellenilip geçilýär.

Myrat Gurbanow: Şu gün ýurt boýunça Hatyra güni bellenilýär. Döwlet edara-kärhanalarynyň binalaryndaky baýdaklar aşak goýberildi. Mälim bolşy ýaly, Hatyra güniniň esasy çäreleri Gökdepe galasynda geçirilýär. Ir bilen Gökdepe galasyna dürli Gala girilýän ýerde uzyn bassyrmanyň aşagynda adamlar saçagyň başyna geçip, duz-tagam dadyp, aýat-töwir okadylar. Gökdepe, 12-nji ýanwar, 2013.

Gala girilýän ýerde uzyn bassyrmanyň aşagynda adamlar saçagyň başyna geçip, duz-tagam dadyp, aýat-töwir okadylar. Gökdepe, 12-nji ýanwar, 2013.

ýaşlardaky adamlar ýygnandylar. Olaryň arasynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri bilen bir hatarda, Aşgabatdan, Gökdepäniň golaýyndaky obalardan gelen zyýaratçylar hem bardy.

Galanyň içine girilýän ýerde 100-den gowrak gazan atarylyp, tüwi, ýarma bişirildi. Her kim gazanlaryň ýanyndaky uzyn bassyrmanyň aşagynda halyň üstünde ýazylan saçagyň başyna geçip, duz-tagam dadyp, aýat okap, töwir galdyrdylar.

Azatlyk Radiosy: Gökdepe galasyndaky Hatyra çäresine ýurduň resmilerinden kimler gatnaşdylar?

Myrat Gurbanow: Gökdepe galasyndaky Hatyra çäresine, adatça bolşy ýaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we beýleki ýokary derejeli resmiler-de gatnaşdylar. Olaryň gatnaşan çäreleri zyýaratçylaryň oturýan bassyrmasy bilen galanyň içindäki metjidiň, muzeýiň aralarynda gurlan haýatyň aňyrsynda geçdi.

Aýdylyşyna görä, bu resmi çärede prezidentiň öňünde ýurduň medeniýet işgärleriniň sahnalaşdyrylan çykyşlary bolupdyr. Bu çärä döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri hem gatnaşypdyrlar. Olar munuň üçin daň bilen Gökdepe galasyna barypdyrlar.

Azatlyk Radiosy: Prezidentiň Gökdepedäki Hatyra çäresine gatnaşmagy Gökdepe galasyndaky adaty zyýarat çärelerine öz nähilidir bir täsirini ýetirdimi?

Myrat Gurbanow: Hawa, prezidentiň Hatyra çäresine gatnaşmagy Gökdepe galasyna zyýarat etmäge barýan adamlara belli bir derejde öz täsirini ýetirýär. Prezidentiň gatnaşýanlygy üçin Aşgabatdan Gökdepä barýan ýollary gysga wagtlaýynam bolsa, beklendi. Gurbansoltan eje prospektinden bolsa bu gün asla Gökdepä baryp bolmady.

Şeýle-de, Aşgabatdan Gökdepä barýan ýollaryň ugry boýunça belli-belli aralykda graždan egin-eşikli ýörite gulluklaryň işgärleri nobatçylyk edýärdiler. Olar diňe bir köçelerden geçýän maşynlaryň hereketini düzgünleşdirmän, eýsem şol köçelerden geçýän pyýadalaryň hereketlerini hem çäklendirýärler.

Azatlyk Radiosy: Gökdepe galasynyň öz içinde ýagdaýa nähili gözegçilikler edildi?

Myrat Gurbanow: Gökdepe galasynyň daş-töwereklerinde hem berk howpsuzlyk çäreleri görülipdir. Günüň birinji ýarymynda Hatyra gününiň resmi çäreleri gutarýança, zyýarat etmäge baran adamlar galanyň içine hem goýberilmedi. Olar galanyň daşynda garaşyp durdular. Galanyň içine girjek bolanlary galanyň diwarlarynyň üstünde duran howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri gödeklik bilen yzyna gaýtarýardylar. Diňe sagat 11 töwereginde adamlary galanyň içine goýberdiler.

Berdimuhamedowyň gatnaşan çäreleri zyýaratçylaryň oturýan bassyrmasy bilen metjidiň aralygyndaky haýatyň aňyrsynda geçdi. Gökdepe, 12-nji ýanwar, 2013.

Berdimuhamedowyň gatnaşan çäreleri zyýaratçylaryň oturýan bassyrmasy bilen metjidiň aralygyndaky haýatyň aňyrsynda geçdi. Gökdepe, 12-nji ýanwar, 2013.

Özallar munuň ýaly ýagdaý ýokdy. Elbetde, galada düzgün-tertibe gözegçilik etmeli gulluklaryň işgärleriniň gödekligi zyýaratçylarda erbet täsir galdyrdy. Galanyň içinde hem adatdaky ýaly hereket çäklendirmeleri bardy. Adamlar galanyň diňe belli-belli ýerlerinden girip, diňe belli-belli ýerlerine baryp bilýärdiler.

Olaryň hereketleri graždan egin-eşikli ýörite gulluklaryň we polisiýanyň işgärleri tarapyndan düzgünleşdirilýärdi. Galanyň gaýra tarapynda hem ýagdaý tapawutly däldi. Galanyň bu tarapyndan zyýarat etmäge gelen adamlar hem sagat 12-ä çenli galanyň içine goýberilmändirler.

Azatlyk Radiosy: Myrat, Ahal welaýatynda Hatyra güni diňe Gökdepe galasynda bellendimi?

Myrat Gurbanow:
Hawa, esasy çäreler Gökdepe galasynda bolup geçdi. Emma, aşgabatlylaryň käbirleri şu gün diňe bir Gökdepe galasyna däl, eýsem Aşgabadyň öwlüýälerine-de baryp, öz merhumlarynyň guburlaryna zyýarat etdiler, aýat-töwir okap gaýtdylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG