Sepleriň elýeterliligi

Tagtabazar: Gaz bolçulygynda gazsyz oba


Halym uçastogynyň ýaşaýjylary gyş aýlary öz öýlerini elektrik togy, ýogsa-da odun we dizel ýangyjy bilen ýyladýarlar.

Halym uçastogynyň ýaşaýjylary gyş aýlary öz öýlerini elektrik togy, ýogsa-da odun we dizel ýangyjy bilen ýyladýarlar.

Tagtabazar etrabynyň Suhty obasynyň Zähmetkeş (ozalky Halym) uçastogynyň baýyrdaky ýaşaýjylarynyň gyşy her ýyl aladaly geçýär. Onuň sebäplerinden birem ol ýerde adamlaryň birnäçe ýyl bäri tebigy gazsyz galmagydyr. Gyş paslynda bu ýagdaý has hem uly kynçylyk döredýär.

Bu obanyň adamlary gyş aýlarynda öz öýlerini gazyň deregine elektrik togy bilen, ýogsa-da odun we dizel ýangyjy bilen ýyladýarlar. Bir maşyn odunyň bahasynyň täze pulda 200 manada durýan wagtynda bu hem her maşgala başartmaýar. Şeýlelikde, oduna çykýan puly tygşytlamak üçin, tezege dizel ýangyjyny siňdirip, şony odun edip ulanýanýanlaram bar.

Ýangyç siňdirilen tezege olar “harsaň” diýýärler. Öýi ýylatmak üçin peýdalanylýan bu usulyň hupbatlary diňe onuň bilen çäklenmän, käbir halymlylaryň aýtmaklaryna görä, öýde harsaň ýakylanda dizel ýangyjynyň ysy öýüň içine ornaýar.

Olar problemamyzy çözmäge däl-de, üstümizden gülmäge gelen ýaly äheňde jogap berip gitdiler

Halym uçastogynyň ýokarky böleginde 65 sany hojalyk ýaşaýar. Olaryň ýaşaýan ýerine ulagly çykmagam aňsat däl, şonuň üçin gyş aýlary ýakynlanda, olaryň aladasy köpelýär. Dizel ýangyjynyň we elektrik togunyň gymmatlamagy bolsa, öňki aladalarymyzyň üstüne goşmaça alada boldy diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Obanyň ýaşaýjylaryna häzir mugt gaz ballonyny paýlaýarlar. Maşgala sanyna görä her aýda üç adama bir ballon gaz berilýär. Obalylar bu berilýän gazy diňe nahar taýýarlanlarynda ulanýarlar.

Çekilmeli gaz çekilmedi

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, olara gaz çekilmeli eken. Obanyň aşakda ýerleşýän bölegine 1997-nji ýylyň ortalarynda gaz turbasy çekilende, ýokarky bölegine hem çekilmegine garaşylypdyr. Ýöne gaz çekýänçiler ony diňe obanyň aşaky bölegine çekmek bilen çäklenipdirler.

Emma hasabat berenlerinde obanyň ýokarky bölegine-de çekildi diýlip hasabat berlenligini ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler. Ýerli ýaşaýjylaryň öňe sürýän bu pikirini ýerli resmilere tassykladyp ýa inkär etdirip bolmady.

Halym uçastogynyň ýokarky böleginde ýaşaýan adamlar, şol sanda özüni Aýsoltan diýip tanadan 50 ýaşlaryndaky obalynyň aýtmagyna görä, olar ençeme gezek Tagtabazar etrap häkimligine öz arzlaryny ýetiripdirler. Aýsoltan daýza hatda resmileriň ýagdaýy gelip görendiklerini hem aýdýar.

“Olar geldiler, hemmämizi üýşürdiler, käbirimiziň öýlerimize aýlandylar. Öý ýyladyşymyzy, ýaşaýyş şertlerimizi gördüler. Ýöne görenleri bilenem, olar problemamyzy çözmäge däl-de, üstümizden gülmäge gelen ýaly äheňde jogap berip gitdiler. Odun, harsaň ýakýanymyzy görüp, ine, siz elektrik toguny tygşytlaýaňyz, az pul tölärsiňiz diýenem boldy içlerinde” diýip, Aýsoltan daýza bolan waka hakda gürrüň berýär.

Ýerli häkimlige obanyň daýzalary entegem gatnap ýörler. Şol bir wagtda-da, olar Türkmenistanyň Adalat ministirligine-de hat ýazypdyrlar. Ondan gelen jogapda bolsa, diňe beýleki obalara çekilip bolandan soň, gazyň Halym obasynyň ýokarky bölegine çekiljekdiginiň aýdylýandygyny Aýsoltan daýza gürrüň berdi.

Häzirki wagtda Tagtabazar etrabynyň Suhty obasyndan başga-da Dostluk daýhan birleşiginde hem gaz doly çekilmedik. Agzalan obalaryň käbir böleklerine gaz çekilip başlanan ýerlerem bar. Bu iş diňe degişli edaralara yzly-yzyna arza ugradylansoň, durmuşa geçirilipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG