Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Hususylaşdyryş meselesi bat alýar


Hususylaşdyrmak çäreleriniň birinji tapgyry 2013-nji ýylda, ikinji tapgyry 2014-2015-nji ýyllarda, üçünji tapgyry bolsa 2016-njy ýylda amala aşyrylar.
Hususylaşdyrmak çäreleriniň birinji tapgyry 2013-nji ýylda, ikinji tapgyry 2014-2015-nji ýyllarda, üçünji tapgyry bolsa 2016-njy ýylda amala aşyrylar.
Anna güni geçirilen hökümet maslahatynda prezident G.Berdimuhamedow Türkmenistanda hususy eýeçiligiň roluny ösdürmek meselesine ýene gaýdyp geldi.

Şu hökümet maslahatynda-da ol “2012-2016-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşi baradaky prezidentiň maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek meselesi barada ýörite karara-da gol çekdi.

Bu kararda, hususan-da, ol döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de hususylaşdyryş çäreleriniň planyny tassyklady.

Prezident G.Berdimuhamedowyň gol çeken bu dokumentinde Türkmenistanyň degişli ministrliklerine we pudaklaýyn edaralaryna, şeýle hem welaýat häkimliklerine we Aşgabat şäher häkimligine anyk çäreleri durmuşa geçirmeklik tabşyrylýar.

Hususan-da, bu çäreleriň birinji tapgyrynda olar görkezilen möhletde Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen ylalaşykly ýagdaýda hususylaşdyrmaga degişli edara-kärhanalaryň, desgalaryň we gurlup gutarylmadyk obýektleriň sanawyny düzüp, ony Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemeli.

Anyk we anyk däl zatlar

Anna günki hökümet maslahatynda eden çykyşynda prezident Berdimuhamedow döwlet eýeçiligine degişli obýektleri hususylaşdyrmak çärelerine eýýäm şu ýyldan başlap girişiljekdigini nygtady. Emma ol bu meselede ýurduň nebit-gaz pudagynyň ýagdaýynyň nähili bolmalydygy barada welin dil ýarmady.

Bu ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de ony ösdürmek ugrunda ädilýän nobatdaky bir möhüm ädim
G.Berdimuhamedow

Bu maslahatyň yzýany, şenbe güni “Roýter” habar agentligi öz adynyň agzalmagyny islemedik ýokary derejeli bir türkmen resmisiniň Türkmenistanyň energiýa sektorynyň döwlet eýeçiliginde galjakdygyny aýdandygyny habar berdi.

Bu maglumata görä, “Roýter” habar agentligi bilen söhbetdeş bolan bu türkmen resmisi Türkmenistanyň hökümetiniň hususylaşdyrmaga degişli bolmadyk “milli ähmiýetli strategik kompaniýalaryň” sanawyny eýýäm kesgitländigini mälim edipdir.

Emma, beýleki tarapdan, “Roýter” habar agentligi 2013-2016-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanda geçiriljek bu çärelerde daşary ýurt inwestorlarynyň ýerli edara-kärhanalary we desgalary hususylaşdyryp biljekdikleri ýa bilmejekdikleri barada anyk maglumatyň ýokdugyny ýazýar.

Noýabrda yglan edilipdi

Türkmenistanyň göz öňünde tutýan bu maksatnamasy barada mundan ozal 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda geçirilen hökümet maslahatynda giňişleýin gürrüň edilipdi.

Hususan-da, şonda wise-premýer A.Goçyýew döwlet eýeçiligindäki obýektleri hususylaşdyrmak işlerini üç tapgyrda amala aşyrmaklygyň göz öňünde tutulýandygyny yglan edipdi. Onuň aýtmagyna görä, bu çäreleriň birinji tapgyry 2013-nji ýylda, ikinji tapgyry 2014-2015-nji ýyllarda, üçünji tapgyry bolsa 2016-njy ýylda amala aşyrylar.

Şu döwrüň dowamynda döwletiň senagat pudagyndaky dürli kärhanalary, gurluşyk, transport, aragatnaşyk we beýleki pudaklara degişli obýektleri hususy eýeçilige geçirmeklik, şeýle hem aksionerler jemgyýetleriniň ösen infrastrukturasyny döretmeklik göz öňünde tutulýar.

16-njy noýabryndaky hökümet maslahatynda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak baradaky Döwlet maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň hususyýetçilik baradaky kanunçylygynyň täze redaksiýasyny işläp düzmekligiň-de planlaşdyrylýandygy yglan edildi.

Şonda prezident G.Berdimuhamedow döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we obýektleri hususylaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulýan bu çäreleri “yzygiderli ýagdaýda bazar gatnaşyklaryna geçmek prosesiniň çäklerinde milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de ony ösdürmek ugrunda ädilýän nobatdaky bir möhüm ädim” diýip häsiýetlendiripdi.

Emma ykdysadyýet ugrundan käbir bilermenler Türkmenistanda häkimiýetiň awtoritar ýagdaýda dolandyrylýan şertlerinde “emläkleri hususylaşdyrmak” we “bazar gatnaşyklaryna geçmek” diýilýän çäreleriň diňe häkimiýetiň başyndaky sanlyja adamlaryň bähbidine hyzmat etmeginiň mümkindigini aýdyp, bu ýagdaýa alada bildirýärler.
XS
SM
MD
LG