Sepleriň elýeterliligi

Kairiň sudy Hosni Mübäregiň işine gaýtadan garamakçy


Şenbe güni Kairiň sudy Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mübäregiň öz ömürlik türme tussaglygyna protest bildirip, eden şikaýatyna täzeden garamakçydygyny mälim etdi.

Müsüriň ozalky awtoritar lideri Hosni Mübärek 2011-nji ýylda 900 töweregi protestçiniň öldürilmegine dahyllylykda aýyplanyp, geçen ýylyň iýunynda ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Indi Kairiň sudy onuň şikaýaty boýunça täzeden sud diňlenişiginiň geçiriljekdigini mälim etdi.

Mundan daşary, sud ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen ozalky içeri işler ministri Habib al-Adliniň işi boýunça-da täzeden sud diňlenişigini geçirer.

Hosni Mübärek 2011-nji ýylda häkimiýetden çetleşdirilmezinden öň Müsüre 30 ýyllap liderlik edipdi.
XS
SM
MD
LG