Sepleriň elýeterliligi

Moskwada müňlerçe adam täze kanuna garşy demonstrasiýa geçirdi


Ýekşenbe güni Orsýetiň paýtagty Moskwada müňlerçe adam amerikan raýatlarynyň orsýetli çagalary perzentlige almaklaryny gadagan ediji täze kanuna garşy protest bildirip, demonstrasiýa geçirdi.

Moskwanyň polisiýasy bu demonstrasiýa 9.5 müň töweregi adamyň gatnaşandygyny aýdýar. Emma bu çäräni gurnaýjy oppozision aktiwistler demonstrasiýa azyndan 30 müň töweregi adamyň gelendigini öňe sürýärler.

Protestçiler Orsýetiň parlamentini amerikan raýatlarynyň orsýetli çagalary perzentlige almaklaryny gadagan ediji kanuny ýatyrmaklyga çagyryp çykyş etdiler.

Orsýetiň resmileri bu kanunyň kabul edilmegini Birleşen Ştatlarda Orsýetden ogullyga ýa gyzlyga alnan çagalaryň zulum-sütemlere sezewar edilmekleri we hatda olaryň öldürilmekleri ýaly wakalaryň artandygy bilen düşündirýärler.
XS
SM
MD
LG