Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýada Zeman we Şwarsenberg ikinji tapgyr saýlawlara çykdy


Çehiýada anna we şenbe günleri geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ozalky çepçi premýer-ministr Milos Zeman bilen häzirki konserwator daşary işler ministri Karel Şwarsenberg ikinji tapgyr saýlawlara çykdy.

Birinji tapgyr saýlawlaryň netijesi Milos Zemanyň 24.2 prosent, Karel Şwarsenbergiň bolsa 23.4 prosent sese eýe bolandygyny görkezdi.

Bu netijeler köp synçylar üçin birneme garaşylmadyk boldy. Sebäbi saýlawlardan ozalky pikir soraýyşlyklar 75 ýaşly daşary işler ministri Karel Şwarsenbergi goldaýanlaryň örän azdygyny görkezipdi.

Indi ol 25-26-njy ýanwarda geçiriljek ikilenji tapgyr saýlawlarda Çehiýanyň ozalky premýer-ministri, 68 ýaşly Milos Zeman bilen bäsleşer.

Bu gezekki prezidentlik saýlawlary Çehiýada saýlawçylaryň göni ses bermegi arkaly geçirilen ilkinji prezidentlik saýlawlary boldy. Mundan öň ýurduň prezidenti parlament tarapyndan saýlanylýardy.
XS
SM
MD
LG