Sepleriň elýeterliligi

Fransuz güýçleriniň Malidäki operasiýalary dowam edýär


Ýekşenbe güni Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland fransuz harby güýçleriniň Günbatar Afrikadaky Malide geçiren howa hüjümlerinde yslamçy ýaragly söweşijileriň uly ýitgi çekendigini belledi.

Fransiýanyň harby-howa güýçleri indi ikilenji gün Maliniň demirgazygynda birnäçe şäheri ele geçiren yslamçy söweşijilere garşy howa hüjümlerini amala aşyrýar.

Fransiýanyň resmileri bu operasiýalaryň barşynda ýaragly söweşijileriň bir fransuz wertolýotyny atyp ýere gaçyranlarynda, ondaky pilotyň ölendigini tassykladylar.

Fransua Olland häzirki wagt bu ýurda Afrikanyň beýleki ýurtlaryndan gury ýer güýçlerini eltmek çärelerine-de taýýarlyk görülýändigini aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasy we Ýewropa Bileleşigi Malide birnäçe şäheri kontrollyga alan we indi paýtagt Bamako howp abandyrýan yslamçy söweşijilere garşy daşardan harby operasiýalaryň ýola goýulmagyny goldap çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG