Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanda 190 töweregi “syýasy tussag” azatlyga goýberildi


Gürjüstanda köpçülikleýin günä geçişlik baradaky kararyň güýji girmegi bilen, ýekşenbe güni 190 töweregi tussag azatlyga goýberildi. Olaryň hemmesem ýakynda Gürjüstanyň parlamenti tarapyndan syýasy tussaglar diýlip yglan edilipdi.

Geljek birnäçe hepdäniň dowamynda bolsa ýene 3 müň töweregi tussagyň azatlyga goýberilmegine garaşylýar.

Şu günki azatlyga goýberilen tussaglar 2005-2011-nji ýyllar aralygynda Gürjüstanda oppozisiýanyň dürli syýasy aksiýalaryna gatnaşandyklary üçin tussag edilen adamlar. Olardan käbiri Orsýetiň haýryna içalyçylyk edenlikde aýyplanyp, tussag edilipdi.

27-nji dekabrda prezident Mihail Saakaşwili “syýasy tussaglar” diýlip atlandyrylan bu tussaglaryň günäsiniň geçilmegine weto goýupdy. Emma parlament sesleriň köplügi bilen onuň bu wetosynyň güýjüni ýatyrdy.
XS
SM
MD
LG