Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Metbugat hakyndaky täze kanun: umytlar we reallyklar


Täze kanuna görä, 18 ýaşyna ýeten türkmen raýatlary habar serişdesini esaslandyryp hem bilýär.
Täze kanuna görä, 18 ýaşyna ýeten türkmen raýatlary habar serişdesini esaslandyryp hem bilýär.
Türkmenistanda ýyl başyndan metbugat hakyndaky täze kanun güýje girdi. Bu kanunda köpçülikleýin habar serişdeleriniň we pikiriňi beýan etmek azatlygynyň kepillendirilýändigi aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, halkara hukuk guramalary Türkmenistanda metbugat azatlygynyň ýokdugyny, döwlet eýeçiligindäki metbugatda aýdylýan zatlardan tapawutly ýa başgaça pikirleri aýdýan žurnalistleriň ýanalýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen täze kanun esasynda indi Türkmenistanda ýerli häkimiýetler bilen bir hatarda syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, beýleki ýuridiki şahslar, şeýle-de 18 ýaşyna ýeten türkmen raýatlary habar serişdesini esaslandyryp hem biler.

Azatlyk Radiosynyň bu kanun barada gurnan “Tegelek stol” söhbetdeşligine Aşgabatdan hukuk ugrundan bilermen žurnalist Aşyrguly Baýryýew, publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew, Orsýetden pedagog we žurnalist Serdar Ataýew gatnaşýar.

Bu söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň:
XS
SM
MD
LG