Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada täze kanuna garşy demonstrasiýa geçirildi


Amerikan raýatlarynyň orsýetli çagalary perzentlige almaklaryny gadagan ediji kanuna garşy geçirilen demonstrasiýa. Moskwa, 13-nji ýanwar, 2013.
Amerikan raýatlarynyň orsýetli çagalary perzentlige almaklaryny gadagan ediji kanuna garşy geçirilen demonstrasiýa. Moskwa, 13-nji ýanwar, 2013.
Ýekşenbe güni Orsýetiň paýtagty Moskwada müňlerçe adam amerikan raýatlarynyň orsýetli çagalary perzentlige almaklaryny gadagan ediji täze kanuna garşy protest bildirip, demonstrasiýa geçirdi.

Resmi taýdan rugsat berlen bu demonstrasiýada on müňlerçe adam Moskwanyň merkezinden ýöräp geçdi.

Moskwanyň polisiýasy bu demonstrasiýa 9.5 müň töweregi adamyň gatnaşandygyny aýdýar. Emma bu çäräni gurnaýjy oppozision aktiwistler demonstrasiýa azyndan 30 müň töweregi adamyň gelendigini öňe sürýärler.

Howanyň çakdanaşa sowukdygyna-da garamazdan, köp adamlar bu çärä ýanlaryna öz çagalaryny-da alyp gelipdirler.

Protestçiler Orsýetiň parlamentini amerikan raýatlarynyň orsýetli çagalary perzentlige almaklaryny gadagan ediji kanuny ýatyrmaklyga çagyryp çykyş etdiler. Şeýle hem, olar beýle kanuny Orsýet üçin “masgaraçylyk” diýip atlandyrdylar.

Wideoda: Moskwada 13-nji ýanwarda geçirilen demonstrasiýa.

Moskwada protest gurnaldy
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:01:00 0:00

Protestçilerden biri hatda Orsýetiň Dowlet Dumasynyň dargadylmalydygyny nygtap, şeýle diýdi: “Biz bu ýere Dumanyň kabul eden we biziň prezidentimiziň gol çeken bu masgaraçylykly kanunyna garşy nägileligimizi bildirmek üçin geldik. Men beýle Dumany dargatmaly diýip hasaplaýaryn. Beýle adam bolsa prezident bolmaga mynysap däl diýip hasaplaýaryn”.

Orsýetiň oppozisiýa liderlerinden biri Sergeý Udalsow bu demonstrasiýanyň Orsýetde protest hereketiniň henizem güýçlidigini ýene bir gezek aýdyň subut edýändigini aýtdy. Şeýle hem, ol ýazda, howa birneme maýlanda, Moskwada üznüksiz demonstrasiýanyň geçirilmegine çagyryş etjekdigini mälim etdi.

Ýekşenbe güni Moskwadaky bu protest çäresine Orsýetiň Döwlet Dumasynyň ozalky deputaty Gennadiý Gudkow hem gatnaşdy.

“Men bu täze kanun bilen ylalaşmaýaryn. Men häkimiýetde bolup geçýän häzirki wakalary olaryň was-waslygy diýip hasaplaýaryn. Men muňa häkimiýetleriň ýagdaýa düşünmeýändiklerini we olaryň ýurt hem-de halk üçin näme etmelidigini bilmeýändiklerini görkezýän bir zat hökmünde baha berýärin” diýip, Gennadiý Gudkow ýagdaýa baha berdi.

Moskwanyň polisiýa resmileri özlerinde oppozisiýa lideri Sergeý Udalsowyň Dumanyň deputatlarynyň suratlaryny ýakýandygyny görkezýän wideo ýazgynyň bardygyny aýdyp, ony ýörite barlaglar üçin prokuratura tabşyrjakdyklaryny mälim etdiler.

Orsýetiň Döwlet Dumasy amerikan raýatlarynyň orsýetli çagalary perzentlige almaklaryny gadagan ediji bu kanuny Birleşen Ştatlaryň Sergeý Magnitskiniň ölümi bilen baglanyşykly kabul eden kanunynyň yzýany kabul etdi.

Orsýetli resmiler muny Birleşen Ştatlarda Orsýetden ogullyga ýa gyzlyga alnan çagalaryň zulum-sütemlere sezewar edilmekleri we hatda olaryň öldürilmekleri ýaly wakalaryň artandygy bilen düşündirýärler.
XS
SM
MD
LG