Sepleriň elýeterliligi

Kazandaky metjidiň wekillerinden binany boşatmak talap edildi


Orsýetiň Tatarystan respublikasynyň paýtagty Kazanda resmiler Al-Yhlas metjidiniň wekillerinden binany boşatmagy talap etdiler.

Gürrüňi gidýän bina şäheriň eýeçiligi bolup, ol 2004-nji ýyldan bäri, hiç hili töleg tölenmezden, metjid hökmünde ulanylyp gelinýärdi. Şäher resmileri “binanyň ýolbaşçylary onuň durkuna talaba laýyk garaşyk etmändiklerini” öňe sürdüler.

Mundan öň, Al-Yhlas metjidiniň ymamlarynyň birine bikanun üýşmeleňleri gurnandygy üçin jerime hem salnypdy. Rüstem Safin ekstremistiki maglumatlary ulanmakda hem şübhelenipdi.
XS
SM
MD
LG