Sepleriň elýeterliligi

Merkuride suw bar


"Messenger" 2011-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Merkuriniň daşynda aýlanyp, onuň topografiýasyny surata düşürýär.

"Messenger" 2011-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Merkuriniň daşynda aýlanyp, onuň topografiýasyny surata düşürýär.

Merkuriý Gün ulgamyndaky 8 planetanyň iň kiçisi hem-de Güne iň ýakyny. Ol ortaça hasap bilen 58 million kilometr aralykdan Günüň daşyna 88 günde bir gezek aýlanyp çykýar - onuň bir ýyly 88 güne deň.

Merkuriý Güne ýakyn bolansoň, onuň üstündäki temperatura gündizine köplenç 430 gradusa çenli baryp ýetýär. Ýöne bu planetada Günüň şöhlesi asla degmeýän regionlar-da bar. Mysal üçin, onuň demirgazyk polýusynyň töwereklerinde temperatura -180 gradusa çenli aşaklap bilýär.

Bu polýusdan edinilen maglumatlar onuň hemişe kölegededigini görkezýär. Aýratyn-da bu regionlarda ýerleşýän çuň kraterleriň düýbüne Günüň çogy asla ýetenok. Şol sebäpden bu ýerlerde höküm sürýän sowuklyk suw buzlarynyň toplanmagy üçin amatly şertleri döredýär. Biziň Gün ulgamymyzda bular ýaly sowuklyk Ýupiteriň doňup buza öwrülen Aýlaryndan bärde duş gelenok.
"Merkuride ýaşaýyş bar diýip, hiç kim aýdanok."
Sean Solomon, "Messenger" zondunyň baş alymy.


Buz öz töweregindäki gaty ýerden ýa daşlardan şöhläni köpräk serpikdirýänligi bilen tapawutlanýar, ýagny ol olardan has ýagty bolup görünýär.

Suw buzlarynyň ilkinji alamatlary

Merkuride suw buzlarynyň ilkinji alamatlarynyň üstünden 1991-nji ýylda baryldy. Şonda "Aresibo" radio teleskopy bilen geçirilen radar derňewlerinde onuň polýar etraplarynyň radio şöhlesini güýçli serpikdirmegi ol ýerde suw buzlary bolmaly diýen çaklamany döredipdi. Ýöne ol mahallar planetanyň ýüzüniň diňe 50 prosentiniň öwrenilendigi we bu ýerleriň hem buzy saklap bilerlik derejede sowukdygy barada maglumat bolmany üçin muny subut edip bolmaýardy.

2011-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň Aeronawtika we kosmiki giňişligi derňemek boýunça milli gullugy NASA-nyň kosmos zondy MESSENGER (MErcury Surface, Space ENvironment, GEochemistry and Ranging) öz orbitasyndan Merkuriniň tutuş ýüzüni karta geçirdi. Onsoň bu topografik maglumatlardan peýdalanylyp, planetanyň temperatura kartasy düzüldi.

Garaňky örtgi

Şeýlelikde alymlar "Aresibo" tarapyndan ýüze çykarylan reflektiw regionlaryň Günüň şöhlesi degmeýän kraterlerdigini, bularyň içinde hem suw buzlarynyň bardygyny tassyklap bildiler. Diňe bu hem däl. Ol ýerde, bir ýuka örtgi ýaly bolup, doňan suwlaryň üstüni büräp ýatan garaňky material-da bar. Munuň çylşyrymly himiki birikmeler bolmagy ähtimal.

Bu garaňky örtginiň organiki materiallardygy barada göni subutnama entek ýogam bolsa, alymlar munuň bu ýagdaýlara gabat gelýän ýeke-täk düşündirişdigini belleýärler.

NASA-nyň 2012-nji ýylyň 29-njy noýabrynda bildirmegine görä, buz we bu organiki material bu planeta kometalaryň we asteroidleriň üsti bilen gelip ýetendir diýlip pikir edilýär.

Alymlar Merkuriniň günorta polýusynda hem buz bardyr diýip çaklaýarlar. Ýöne bu barada ygtybarly maglumatlar entek ýok. Sebäbi "Messenger" zondunyň planetanyň daşynda aýlanýan ýeri demirgazyk polýusa ýakyn.

"Buzlaryň tutuş mukdary takmynan ýüz milliard tonna bilen müň milliard tonna çenli bardyr" diýip, Baltimoryň (Mariland, ABŞ) John-Hopkins uniwersitetiniň professory Deýwid Lawrens çaklaýar. Buz gatlaklarynyň galyňlygynyň näderejededigi barada anyk maglumat bolmansoň, alymlar onuň takyk mukdaryny kesgitläp bilenoklar. Olar buzuň galyňlygy iň azyndan 20 santimetr bardyr diýen pikirden ugur alýarlar. Ýöne onuň 20 metr-de bolmagy mümkin.

Ýaşaýyş baradaky soraglar

Planetadaky kyn şertlere garamazdan, suwuň üstünden barylmagy ýaşaýyş baradaky soraglaryň-da orta atylmagyna getirýär. Sebäbi suw, biziň göz öňüne getirişimize görä, ýaşaýşyň esasy diregi. Ýöne alymlar Merkuriý ýaşamaga ýaramly ýerdir ýa birçak ýaramly ýer bolandyr diýip pikir edenoklar.

"Merkuride ýaşaýşyň bolmagy ýa ozal bolandygy mümkinmi?" diýen soraga "Messenger" zondunyň baş alymy Sean Solomon: "Merkuride ýaşaýyş bar diýip, hiç kim aýdanok" diýip jogap berdi. Ýöne edilen açyş bu planetany astrobiologik taýdan gaty gyzykly edip görkezýär. Mundan başga-da, onuň ýaşaýşyň Ýer ýüzünde nähili dörändigi we Älemiň başga ýerlerinde nähili döräp biljekdigi barada bizi täze maglumatlar bilen üpjün etmegi mümkin.

Londonyň Imperial Kollejinde organiki geohimiýa we meteoritler boýunça professor Mark Seftonyň pikiriçe, Merkuride suwuň we organiki materialyň tapylmagy planetalaryň ösüşi, ýaşaýşyň gelip çykyşy barada käbir möhüm netijerler bilen birlikde "gyzykly waka". Galyberse-de, organiki materialyň we suwuň bolmagy bize ýaşaýyş üçin gerekli "çig malyň" Gün ulgamyndaky planetalara oňaýly suratda paýlanandygyny görkezýär.

"Messenger" 2011-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Merkuriniň daşynda aýlanyp, onuň topografiýasyny surata düşürýär. Onuň iki ýyllyk missiýasy öňümzdäki mart aýynda soňlanýar. Alymlar bu operasiýanyň, işiň üçünji ýylynda-da iň azyndan birnäçe aý dowam etmegi üçin, NASA-nyň serişde goýbermegini isleýärler.


ÇEŞMELER:

1. http://www.sciencemag.org/content/early/2012/11/28/science.1229953
2. http://www.nasa.gov/mission_pages/messenger/media/PressConf20121129.html
3. http://www.sterne-und-weltraum.de/alias/sonnensystem/lange-vermutet-endlich-gefunden-eis-auf-merkur/1172517
4. http://www.spiegel.de/wissenschaft/weltall/nasa-entdeckt-eis-am-nordpol-des-merkur-a-870178.html
5. http://www.astronews.com/news/artikel/2012/11/1211-038.shtml
6. http://www.rsc.org/chemistryworld/2012/11/mercury-messenger-water-organic-molecule

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG