Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: Polisiýa ofiserini öldürmekde gümän edilýän tussag edildi


Gyrgyzystanda polisiýanyň ýokary derejeli ofiserini öldürmekde şübhelenip, bir adam tussag edildi.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa garşy göreşmek boýunça edarasynyň başlygy polkownik Tolkunbek Şonoýew anna güni Dýikan-Kuştak obasynda öz öýüniň golaýynda atylyp öldürilipdi.

Oş regionynyň prokurory Aýbek Turgunbaýewiň duşenbe güni Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, jenaýaty amala aşyrmakda gümän edilýän adam ýekşenbe güni Bişkekda tutulypdyr.

Turgunbaýew ele salnan adamyň häzir sorag edilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy. Tussag edilen adamyň ady köpçülige aýan edilmedi.
XS
SM
MD
LG