Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanda amnistiýa düşen tussaglar kompensasiýa soraýar


Gürjüstanda syýasy tussaglar üçin yglan edilen amnistiýa düşüp, azatlyga çykanlar gürji hökümetinden maliýe kompensasiýasyny talap edýärler.

Geçen aý gürji hökümeti 190 adamy syýasy tussag diýip kesgitleýän kanuny kabul etdi. Bu kanuna şenbe güni parlamentiň başlygy Dawid Usupaşwili tarapyndan gol çekilenden soň, ýekşenbe güni şol adamlar azat edildi.

Prezident Mihaýil Saakaşwili, bu kanunyň ýalňyşlykdygyny öňe sürüp, oňa gol goýmakdan ýüz öwüripdi. Saakaşwili tussaglary jenaýatçylar we Orsýetiň içalylary diýip atlandyrypdy.
XS
SM
MD
LG