Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa: Nawi Pillaý adam hukuklary boýunça barlaga çagyrýar


BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň başlygy Nawi Pillaý Demirgazyk Koreýada onlarça ýyl dowam edip gelýän adam hukuk bozmalaryny seljermäge çagyryş etdi.

Bu barada Pillaý duşenbe güni beýanat bilen çykyş etdi. Onda bellenmegine görä, dünýä Phenýanyň ýadro programmasy we raketa synaglary bilen has köp aladalanyp, ol ýerdäki adam hukuklarynyň bozulmagyna az üns berýär.

Pillaýyň berýän maglumatyna görä, häzir Demirgazyk Koreýada syýasy tussaglar üçin türmeler bolup, ol ýerde 200 müňden gowrak adam saklanylýar.

Şeýle-de Pillaý häkimiýet başyna Kim Jong Unyň geçmegi bilen “göze ilýän özgerilişikleriň bolmandygyna” gynanýandygyny hem aýtdy.
XS
SM
MD
LG