Sepleriň elýeterliligi

Ýol hadysalary köpelýär, bir sebäp içgi...


Polisiýa müdirliginiň taýýarlan bildirişinde şeýle diýilýär: “Ýatda sakla: saňa öýde garaşýarlar!”.

Polisiýa müdirliginiň taýýarlan bildirişinde şeýle diýilýär: “Ýatda sakla: saňa öýde garaşýarlar!”.

Tagtabazar etrabynyň Marçak obasynyň ýaşaýjysy, 22 ýaşly Seýranyň öýli-işikli bolup, özbaşdak durmuş ýoluna gadam basanyna şu gün iki aý bolmalydy. “Bolmalydy” diýýärin... Sebäbi ol geçen ýylyň 4-nji noýabrynda, öz maksadyna ýetmezinden bir hepde öň, ýol heläkçiliginde aradan çykdy.

Şol wakada diňe Seýran däl, onuň bilen gezelenje giden beýleki dört dostundan hem ikisi aradan çykýar, beýleki ikisi bolsa agyr ýaralanandygy sebäpli henizem keselhanada bejergi alýar. Pajyga sebäp bolan zat - Seýranyň aşa içgili ýagdaýda maşyn sürenligi.

Bir sebäp içgi, beýlekisi - tehniki näsazlyk

Alkogolly içgi içip, maşyn sürülýär. Onsoň soňky döwürlerde adamlaryň dürli ýol heläkçiliklerine düşmegine sebäp bolýan wakalar Tagtabazar we onuň töwereginde barha köpelýär. Seýran bilen bolan wakadan bir hepde öň bolsa, agzalan obada uly tizlikde gelýän maşyn köçede oýnap ýören 10 ýaşly çagany kakýar.
“Awariýa bolýanlaryň köpüsi başlyklaryň çagalary. Sebäbi... awtoinspeksiýanyň işgärleri olara garşy hiç zat diýip bilmeýärler." Gurban aga


Mundan üç aý töweregi ozal hem Tagtabazardan Mary şäherine gidýän ýolda, Sandykgaçy daýhan birleşiginiň günortasynda ýerleşýän Saryýazy obasynyň töwereklerinde bir maşyn agdarylyp, ýoldan çykyp gidýär we iki adamyň ölümine sebäp bolýar.

Tagtabazar etrap PÝGG, ýagny Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň käbir işgärleriniň aýtmagyna görä, soňky wagtlarda bolýan ýol pajygalarynyň sany artýar. Onuň sebäplerinden biri maşyny içgili sürmek bolsa, beýlekisi – maşynlaryň tehniki taýdan näsazlygy.

Maşyn köp-de, tehniki gözegçi az

Tagtabazar etrabynyň PÝGG-niň adynyň agzalmagyny islemedik işgäriniň aýtmagyna görä, agzalýan etrapda 5600 töweregi maşyn bar, olar kadr ýetmezçiligi sebäpli maşynlaryň hemmesine wagtly-wagtynda gözegcilik edip ýetişmeýärler.

Ençeme ýylyň sürüjisi, Tagtabazar etrabynyň Dostluk daýhan birleşiginde ýaşaýan 60 ýaşlaryndaky Gurban aga ýagdaýyň erbetleşmeginde PÝGG-niň strukturasynda ornaşan korrupsiýanyň hem az rol oýnamaýandygyny aýdýar.

“Olaryň köpüsiniň pul çöplemek plany bar ýaly, gurat maşyndan kemçilik gözleýärler. Maksady problema çözgüt tapmak däl, bahana tapyp, maşynyň eýesinden pul almak” diýip, ol sözüni şeýle dowam etdirdi: “Awariýa bolýanlaryň köpüsi başlyklaryň çagalary. Sebäbi GAI, ýagny rusça aýdylyşy ýaly, Gosudarstwennaýa awtoinspeksiýanyň işgärleri olara garşy hiç zat diýip bilmeýärler. Daýhan adamyň çagalary der döküp gazanan puly bilen alan ulaglaryny aýap sürýärler. Emma GAI-lar köplenç şolary saklaýar”.

Içgili resmiler

Maşyny içgili sürýänler diňe baýlaryň çagalary däl. Tagtabazar etrabynyň Suhty daýhan birleşiginiň özüni Maksat diýip tanadan 30 ýaşlaryndaky ýaşaýjysy hatda PÝGG-niň käbir işgärleriniň hem içgili ýagdaýda ýola çykýandygyna şaýat bolandygyny aýdýar:

“Men ýolda barýarkam GAI-lar sag tarapymdan ozup geçip, meni sakladylar. Özlerini tanyşdyrman, dokumentlerimi sorap başladylar. Şonda olaryň içgilidigini duýdum. Prokuratura arz etjek diýsem, meni goýberdiler”.
Ýol pajygalaryna getirýän sebäpleriň ýene biri-de ýollaryň ýagdaýynyň erbetligi...

Ýol pajygalaryna getirýän sebäpleriň ýene biri-de ýollaryň ýagdaýynyň erbetligi...


Günsaýyn artyp barýandygy aýdylýan ýol heläkçilikleriniň esasy sebäpleri barada resmi taýdan haýsydyr bir statistiki maglumat berilmeýär. Emma mundan iki aý öň, Mary şäheriniň PÝGG-niň uly wezipeli işgärlerinden gurnalan kommisiýa Tagtabazar etrabyna gelende, bir gijede serhoş sürüjilerden 40 sanysy saklanypdyr.

“Ýatda sakla: saňa öýde garaşýarlar!”

Şeýle administratiw çärelerden başga-da, ýerli resmiler agyrlaşyp barýan ýol heläkçilikleriniň öňüni almak uçin dürli kampaniýalar hem alyp barýarlar. Şeýle kampaniýalardan birem ýakynda ýoluň gyralarynda peýda bolan bildirişler.

Mary welaýatynyň polisiýa müdirliginiň ýol gözegçiligi bölümi tarapyndan taýýarlanan bir bildiriş iki çaganyň hemem ýol heläkçiligine uçran maşynyň suratyndan ybarat. Bildirişde şeýle diýilýär: “Ýatda sakla: saňa öýde garaşýarlar!”.

Tagtabazar etrap awtoulag sürüjilik mekdebiniň mugallymlarynyň aýtmagyna görä, bu çäreler sürüjilik rugsatnamasyny berýän edarany hem öz içine almasa, bärden gaýdar. Sebäbi maşyny doly sürüp bilmeýän adamlara-da rugsatnama berilýän halatlary gaty köp duş gelýär.

Ýol pajygalaryna getirýän sebäpleriň ýene biri-de ýollaryň ýagdaýynyň erbetligi, bu esasanam ýollara belet bolmadyk sürüjileriň esasy kellagyrylaryndan biri bolup durýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG