Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: ABŞ-nyň esgerleriniň el degirilmezligi ýylyň ahyryna çözüler


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý ýurtdaky ABŞ-nyň esgerleriniň el degirilmezlik haky baradaky meseläniň “8-9 aýyň” içinde çözüljekdigini aýtdy.

Geçen hepde ABŞ-a eden saparyndan soň, duşenbe güni Kabulda beren metbugat ýygnagynda Karzaý Waşingtonyň bu baradaky teklibiniň ilki ret edilendigini aýtdy.

Karzaý bu baradaky gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň Kabulda geçjekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Prezident Barak Obama 2014-nji ýylda Owganystandaky ähli halkara güýçleri çykarlandan soň, ABŞ-nyň esgerlerine owgan sudlaryndan el degirilmezlik haky berilmese, ol ýerde ýekeje-de amerikan harbysynyň bolmajakdygyny aýdypdy.

Obama Owganystanda jenaýat eden harbylary, ABŞ-nyň kanunçylygyna görä sud edilmegine çagyrýar.
XS
SM
MD
LG