Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nurmämmedow: “Hasabatda berilýän sanlar şübheli”


Türkmenistanyň Daşary ykdysadyýet banky, Aşgabat. 2010 ý.
Türkmenistanyň Daşary ykdysadyýet banky, Aşgabat. 2010 ý.
Türkmenistan garaşsyz ýurt bolaly bäri uly ykdysady ösüşleri gazanýandygyny aýdýar. Soňky bäş ýylda bolsa ýurduň ykdysadyýetiniň her ýyl ortaça 11 prosent ykdysady ösüş gazanýandygy habar berilýär.

“Türkmenistan: Altyn asyr” saýtynyň habaryna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň giňeldilen mejlisinde sözlän sözünde geçen ýyl ýurduň jemi içerki önüminiň möçberiniň 111,1 göterim artandygyny, ýurduň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryna ýatyrylýan maýanyň möçberiniň 138 prosent ýokarlanandygyny aýdypdyr.

Şol bir wagtda prezident ýurduň ykdysadyýet we ösüş ministrini, beýleki jogapkär ýolbaşçylaryň bir toparyny işinden boşatdy.

Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu iki meseläniň arasyndaky mümkin bolan baglanyşyk barada ýerli synçy, syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
XS
SM
MD
LG